Aşgabat şäherindäki Mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi dalaşgärleri okuwa çagyrýar

  • 05.08.2023 16:12
  • 22k+

Aşgabat şäherindäki Mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi dalaşgärleri 2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

  1. Tikin önümçiliginiň tehnologiýasy.
  2. Dokma önümçiligi.
  3. Süýümleri egirmegiň tehnologiýasy.
  4. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.
  5. Marketing.
  6. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
  7. Maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary.
  8. Tehnologiki prosesleriň we önümçilikleriň awtomatizasiýasy.
  9. Dokma senagatynyň elektroabzallary we elektrohereketlendirijileri.
  10. Dokma materiallaryň himiki tehnologiýasy we abzallary.
  11. Standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak.
  12. Dokma we ýeňil senagatyň abzallaryna tehniki taýdan hyzmat etmek we bejermek.
  13. Dizaýn.

Аşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti 2 ýyl.
Аşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 17-nji iýuly — 21-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • — bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;  
  • — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • — bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • — soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • — bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil
  •      haty;
  • — 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • —okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • —  pasportyny; 
  • —harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. 
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde (Aşgabat şäheri) 2023-nji ýylyň awgust aýynyň  24-25-i, 27-si we 28-i günlerinde geçirilýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, himiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň salgysy:
Aşgabat şäheri, 2052 (Hydyr Derýaýew) köçe, 4,
tel.: 36-49-20, 36-04-16, 36-18-74, 36-21-67.


14.03.2026 00:32
3.8k+

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde aprel aýynda birnäçe olimpiadalar we ylmy-amaly maslahatlar geçiriler

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri aprel aýynda birnäçe halkara ylmy-amaly maslahatlaryny we olimpiadalaryny geçirmäge taýýarlyk görýär. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B...

12.03.2026 18:04
4.9k+

Türkmenistanda «E-mekdep» sanly ulgamy kämilleşdirilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan işe girizilen «E-mekdep» sanly dolandyryş ulgamy orta mekdeplerde giňden ornaşdyrylýar we yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu döwrebap platforma bilim edaralarynyň işini sanlylaşdyrmak we ata-eneler bilen mekdebiň arasyndaky gatnaşygy täze derejä çykarmak maksady bilen döredildi...

10.03.2026 18:21
5.1k+

Moskwa döwlet lingwistik uniwersitetinde türkmen dili okadylyp başlanar

Moskwa döwlet lingwistik uniwersiteti (MDLU) türkmen dilini esasy bilim maksatnamalaryna girizmegi meýilleşdirýär. THP-niň habar bermegine görä, bu mesele ýokary okuw mekdebiniň rektory Irina Kraýewa bilen Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň geňeşçisi Serdar Durdyýewiň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy...

09.03.2026 20:07
3.3k+

Türkmenistan we Hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiň 9-njy mejlisiniň jemlerini jemledi

Pekinde hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda berilýän maglumatlara görä, mejlis Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary G...