Gurbanguly Berdimuhamedow ýol-ulag düzüminiň desgalary bilen tanyşdy

  • 05.08.2023 11:34
  • 30k+

4-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara howa menzilinden gelýän ýoluň ugrunda ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän köpriniň ýanynda saklandy.

Gurbanguly Berdimuhamedow köpriniň we ulag ýollarynyň ýakalarynda ornaşdyrylýan germewleri synlap, olaryň bezeg serişdelerine ünsi çekdi. Halk Maslahatynyň Başlygy binalaryň we desgalaryň bezeglerine ünsi çekip hem-de bu işde ulanylýan serişdeleriň ýokary hilli bolmalydygyny nygtap, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat we gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna birnäçe tabşyryklary berdi. Bu işlerde öňdebaryjy tejribeler, täzeçil usullar işjeň ulanylmalydyr, serişdeleriň berkligine hem-de ýerli howa şertleriniň täsirine durnukly bolmagyna aýratyn üns berilmelidir.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýol-ulag düzümine degişli birnäçe desgalaryň çyzgylaryny synlap, olara belliklerini aýtdy we düzedişleri girizdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýol germewlerinde behişdi bedewlerimiziň şekilleriniň ýerleşdirilmeginiň, yşyklandyryş ulgamynyň degişli bezegleriniň zerurdygyny, olaryň owadan we özboluşly bolmalydygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň desgalarynyň gurluşygynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagyň möhümdigini aýtdy.

Ulag ýollarynyň, köprüleriň taslamalary işlenilip taýýarlanylanda, olaryň bezeg aýratynlyklaryna möhüm üns berilmelidir diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şeýle-de ekologik meselelere, ýollaryň ugrunda ekmek üçin bag nahallarynyň düýpli saýlanylyp alynmagyna, bu işlere alymlary çekmek arkaly topragyň ylmy taýdan öwrenilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir.


şu gün 07:42
882

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......