Toyota Land Cruiser suwuň astynda 30 metre çenli çuňlukda 7 km ýol geçdi

  • 03.08.2023 15:45
  • 30k+

Awstraliýalylaryň topary üýtgedilen Toyota Land Cruiser 40 Series elektrik awtoulagynda iň uzyn we çuň suwasty ýaryşda dünýä rekordyny goýdy. Topar Darwin duralgasyndan 7 km geçip, 30 metr çuňluga ýetdi. Birnäçe mehanik inženerden, guwwaslardan we beýleki hünärmenlerden düzülen topar 80-nji ýyllaryň başynda etmäge synanyşylan edil şuňa meňzeş synanyşykdan ylham aldy. Şonda topar 60 metr turbany ulanyp, Land Cruiser-de duralgadan geçmäge synanyşypdy, ýöne ulag 3 km geçip saklanypdy.

Topar bu kynçylygy ýeňip geçmek üçin 1978-nji ýylyň Land Cruiser transmissiýasyndan dynmagy we ony elektrik hereketlendirijisi bilen çalyşmagy karar etdi. Böleklere bölmek has aňsat bolany üçin, klassiki Land Cruiser-i saýlamak kararyna geldiler.
Awtoulagyň basyşa hötde gelip, suwuň aşagynda hereket edip biljekdigine göz ýetirmek üçin tekerleri suw bilen doldurdylar. Ýaryş 29-njy iýulda, şenbe güni, ýerli wagt bilen sagat 9:00-da başlandy, topar duralgaly goltugyň beýleki tarapyna sagat 16:00-a ýeteris diýip çen etdi. Land Cruiser suwuň astynda gowy ýöredi, ýöne duralganyň düýbündäki gyrmançalarda birnäçe gezek batdy. Topar her gezek şeýle bolanda, laýdan çykarmak üçin ulaga howa ballonlaryny dakmaly boldy.
Sürüjiler topary Awstraliýanyň dürli künjeklerinden gelen, destiň başynda 15 minuta çenli oturyp bilýän  30 sany daýwerden ybaratdy. Mundan başga-da, akula ýa-da deňiz krokodiline duşmak howpy bardy.
Netijede, ýerli wagt bilen sagat 21:00-da "Laýly leňňeç" atlandyrylan Land Cruiser duralganyň beýleki tarapynda peýda bolup, kenara çykdy.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

22.06.2026 14:34
3.1k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......