Hytaýly 3 minutda 3 Rubigiň kubigini oýun görkezip düzmek bilen täze rekord goýdy

  • 03.08.2023 14:54
  • 14k+

22 ýaşly Li Çžihao täze dünýä rekordyny goýdy. Ol 3,16 minutda birbada üç Rubigiň kubigini oýun görkezip düzdi. Ol wagty 13 sekunt çaltlaşdyryp, öz rekordyny täzeledi diýip, championat.com habar berýär.

Şeýle rekord fiziki we intellektual ussatlygy talap edýär. Düzgün boýunça, oýun görkezmegiň depginini yzygiderli saklamaly. Kubigiň bir elde iki gezek bolmagyna ýol berilmeýär. Liniň soňky rekordly wideosy hereketleriň çalasynlygy we sazlaşyklylygy bilen haýran galdyrýar. Li Rubigiň kubigini ýönekeý düzmegiň ýürekgysgynç bolandygy üçin oýun görkezip düzmek bilen meşgullanmaga başlandygyny aýdýar.
Rekord eýesi – taryhda dört minutdan az wagtyň içinde oýun görkezmek arkaly üç kubigi düzmegi başaran ilkinji adam. Ondan öň iň çalt hereket eden kolumbiýaly Anhelýu Alwarado bolup, onuň iň az wagty 4 minut 31 sekunda deňdir.


18.06.2026 22:32
4.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

18.06.2026 11:17
4.8k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.4k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......