Lamborghini flagman superkaryny hasaba almazdan, rekord mukdarda awtoulag satdy

  • 03.08.2023 14:30
  • 10k+

Lamborghini 2023-nji ýylyň birinji ýarymynyň maliýe netijelerini yglan etdi, şondan görnüşine görä, kompaniýa ýene bir nobatdaky rekordy goýmagy başardy. Şol bir wagtyň özünde, häzir Lamborghini-niň hatary diňe iki modelden durýar: täze Revuelto flagmany üçin deslapky sargytlar statistikada hasaba alynmaýar.

Lamborghini ýanwar-iýun aýlary aralygynda 5 341 awtoulag — Huracan superkaryny we Urus krossowerini sargytçylaryna gowşurdy. Kompaniýanyň söwdasy, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,9% ösdi. Şeýle hem bu kompaniýa 456 million ýewro (2022-nji ýylyň birinji ýarymynda - 425 million ýewro) ýarym ýyllyk girdeji gazanmak boýunça rekord goýdy.
Awtoulaglaryň köpüsi ABŞ-da (1624 birlik), Beýik Britaniýada (514 awtoulag) we Germaniýada (511 birlik) satyldy.
Lamborghini häzirki modelleriň ikisini hem indiki ýylyň ikinji ýarymynda çykarmagy meýilleşdirýär we sargytlary kabul etmegi eýýäm bes etdi: sargyt kitaby düzüldi. Mundan başga-da, kompaniýa iki ýyl öňünden täze Revuelto superkary üçin sargyt aldy.


10.06.2026 11:18
5.5k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......

16.05.2026 18:14
4.5k+

Lamborghini taryhynda iň güýçli rodsterini hödürledi: ony bary-ýogy 15 adam sürüp biler

Lamborghini markasy öz taryhyndaky iň kuwwatly açyk awtomobili bolan täze Fenomeno rodsterini tanyşdyrdy. Modeliň gibrid güýç gurluşy 1080 at güýjüni öndürýär. Kompaniýa bu awtomobilden diňe 15 nusga çykarmagy......

11.05.2026 11:24
2.6k+

Lamborghini 63 ýyllygyny belleýär: Italiýanyň brendiniň üstünliginiň taryhy we sanlaryň jadygöýligi

Italiýanyň Lamborghini awtoulag öndürijisi 63 ýyllygyny belleýär. Bu wakanyň şanyna kompaniýa 9-njy we 10-njy maýda Imola şäherindäki Enso we Dino Ferrari adyndaky awtodromda giňden ýaýbaňlandyrylan......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......