Moskwadan Aşgabada uçýan ýolagçylar Domodedowo howa menzilinden awtobus arkaly Kazana äkidiler

  • 02.08.2023 14:13
  • 57k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky Baş agentligi «WKontakte» sosial ulgamynda resmi sahypasynda Moskwadan Aşgabada uçuşlarynyň ählisiniň Kazanyň howa menziline geçirilendigini habar berdi. Ýolagçylaryň Kazana bökdençsiz barmagyny üpjün etmek üçin Domodedowo howa menzilinden Kazana çenli mugt awtobus gatnawy ýola goýuldy.

1-nji awgustda amala aşyrylmaly gatnaw bir gün yza süýşürildi. «Türkmenistan» awiakompaniýasy ýolagçylara howa menziline ir gelmegi haýyş edýär.

«2023-nji ýylyň 1-nji awgustynda uçýan Т5704 Moskwa-Aşgabat gatnawynyň hormatly ýolagçylary!
Siziň gatnawyňyz 2-nji awgusta Kazan şäherine geçirildi. Kazana sizi Domodedowo howa menzilinden şäherara awtobusy äkider. Howa menziline 19:30-da gelmegiňizi haýyş edýäris.
Şeýle hem şu hepdedäki howa gatnawlarynyň ählisi üçin Domodedowo howa menzilinden Kazana awtobus gatnawlary guralar.

  • T5726 / 2023-nji ýylyň 2-nji awgusty
  • T5724/ 2023-nji ýylyň 4-nji awgusty
  • Т5706/ 2023-nji ýylyň 5-nji awgusty

Howa menziline awiabiletleriňizde görkezilen uçuş wagtyndan 3 sagat öň gelmegiňizi haýyş edýäris» diýlip habarda aýdylýar.

TmCars-yň öň habar berşi ýaly, «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap, «Türkmenhowaýollary» tarapyndan amala aşyrylýan Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli gatnawlaryň togtadylýandygyny habar berdi. Russiýa uçuşlar Aşgabat — Kazan — Aşgabat ugry boýunça ýerine ýetiriler.


27.01.2026 22:15
14k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara gatnawlarynyň tertibini täzeledi: indi 14 şähere göni uçup bolýar

25-nji ýanwardan başlap Türkmenistanyň milli awiagatnadyjysy halkara gatnawlaryny ýerine ýetirmegiň täze tertibine geçdi. Bu barada Türkmenistan habarlar portaly habar berýär. Indi Aşgabatdan Ýewropanyň, Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň 14 şäherine göni uçuşlar amala aşyrylýar...

25.01.2026 18:53
6.9k+

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

2025-nji ýylda Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady. Olar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan berlen ýörite ygtyýarnamalara laýyklykda, işleýär we syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürleýär...

23.01.2026 18:32
8.6k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli nyrhlary girizdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy çagalar üçin awiabiletleriň bahalaryna ýeňillikleriň girizilýändigini mälim etdi. Bu täze teklip maşgalasy bilen syýahat edýän ýolagçylar üçin niýetlenendir. Ýeňillik 2 ýaşdan 12 ýaşa çenli bolan çagalar üçin birnäçe halkara ugurlary boýunça amala aşyrylýan gatnawlarda hereket edýär...

12.01.2026 17:52
19k+

Türkmen raýatlary üçin Türkiýä wizalary resmileşdirýän kompaniýa üýtgedildi

Türkmenistanda Türkiýäniň täze wiza merkezi — «Mosaic Visa» açylar. Bu merkez Türkiýe Respublikasyna wiza almak üçin berilýän arzalary kabul edýän resmi operator bolar. Kompaniýanyň sosial ulgamlary arkaly beren maglumatyna görä, ol ýurdumyzda öz işini bes eden «Gateway International» merkeziniň ornuny tutar...