Hindistanyň Chandrayaan-3 enjamy Aýa tarap ugur aldy

  • 02.08.2023 11:39
  • 8.4k+

Hindistanyň «Chandrayaan-3» kosmos enjamy Ýeriň daşyndan aýlawyny tamamlap, Aýa tarap ugur aldy. Bu barada Hindistanyň kosmos barlaglary guramasy habar berýär.

Bellenilmegine görä, birnäçe aýlawlardan soň «Chandrayaan-3» Ýeriň daşyndan aýlanmagyny bes etmek we Aýyň traýektoriýasyna tarap ugur almak üçin ýeterlik belentlige çykmagy başardy. Onuň 5-nji awgustda Aýyň orbitasyna ýetmegine garaşylýar.
«Chandrayaan-3» missiýasyna 14-nji iýulda badalga berlipdi. Bu maksatnamanyň çäklerinde Hindistan taryhynda ilkinji gezek Aýyň üstüne enjamyny gondurmagy meýilleşdirýär. Hindistanyň kosmos barlaglary guramasy bu wakanyň 23-24-nji awgustda boljakdygyny umyt edýär.


16.09.2025 19:57
6.5k+

Hindi inženerleri uçarlar üçin “howa ýassyklaryny” oýlap tapdy

Hindi inženerleri uçarlar üçin täze howpsuzlyk ulgamyny döretdi – olar uçaryň fýuzelýažyny heläkçilik wagtynda açylyp, aşak gaçyşy ýumşatjak ägirt ýassyklar bilen örtmegi teklip edýär. Bu pikir şu ýylyň iýunynda Air India kompaniýasynyň uçary heläkçilige uçrandan soň peýda boldy...

31.07.2025 13:44
4.3k+

Hindistan adamdan öňürti kosmosa adam şekilli roboty iberer

Hindistanyň kosmos gözlegleri guramasy (ISRO) 2025-nji ýylyň dekabrynda orbita gumanoid robot bilen kosmos gämisini ibermegi meýilleşdirýär. Bu barada guramanyň başlygy Wanniýaperumal Naraýananyň sözlerine salgylanyp, Odisha Bytes habar berýär...

26.07.2025 11:59
2.9k+

NASA we Hindistan Ýere syn ediş hemralaryndan iň gymmatlarynyň birini uçurmaga taýynlanýar

30-njy iýulda ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň barlaglary dolandyryş gullugy (NASA) we Hindi kosmos barlaglary guramasy (ISRO) tarapyndan işlenip düzülen NISAR Ýere gözegçilik hemrasyny (NASA-ISRO Synthetic Aperture Radar) uçurmak meýilleşdirilýär...

27.06.2025 18:11
5.7k+

Halkara kosmos stansiýasyna ilkinji gezek Hindistandan, Polşadan we Wengriýadan astronawtlar bardy

26-njy iýunda SpaceX kompaniýasynyň Crew Dragon kosmos gämisi Halkara kosmos stansiýasyna üstünlikli birikdi. Uçuş Axiom Space amerikan kompaniýasynyň Ax-4 («Aksiom-4») hususy missiýasynyň çäklerinde amala aşyryldy...