Xiaomi arzan 3D-printerini tanyşdyrdy

  • 02.08.2023 11:08
  • 8.2k+

Xiaomi kompaniýasy başlangyç ulanyjylara niýetlenen «Mijia» atly öý üçin býudjet 3D-printerini tanyşdyrdy.

«Xiaomi Mijia 3D Printer» ykjam göwrüme (265 х 265 х 417 mm) we 8,5 kg agrama eýedir. Enjam 3D çap tehnologiýasyny öwrenmek isleýän başlangyç ulanyjylara niýetlenendir, şonuň üçin hem ol ýeňil dolandyryş ulgamy bilen üpjün edilendir.
Printer emeli intellektiň kömegi arkaly parametrleri intellektual sazlamak mümkinçiligine eýedir. Ulanyjy ýeňillik bilen çap materialy bolan kartriji çalşyp biler, onuň doldurylan bir nusgasy toplumyň içine girýär. Şeýle hem enjam ýokary öndürijilikli kastom motory we çap işiniň ýokary takyklygy üçin Z şekilli bir liniýaly gönükdiriji bilen üpjün edilendir.
«Mijia 3D Printer-e» çap üçin dürli şekilleri ýüklemek mümkindir, şeýle-de onda hususy şekilleriň sanawy bardyr.


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

31.05.2026 22:44
4.6k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

24.05.2026 17:05
4.7k+

NASA Aý gijesiniň adatdan daşary aýazyna döz gelip biljek ulgamy synagdan geçirýär

NASA Aý gijesiniň iki hepdeläp dowam edýän adatdan daşary pes temperaturalarynda işjeňligini saklap biljek "Lunar Environment Monitoring Station" (LEMS) ulgamyny synagdan geçirýär....