Dinozawrlaryň öň ylma mälim bolmadyk täze görnüşi ýüze çykaryldy

  • 02.08.2023 10:53
  • 15k+

Paleontologlardan ybarat topar 2012-nji ýylda Taýlandda galyndylary tapylan dinozawryň heniz mälim bolmadyk täze görnüşdigini ýüze çykardylar. Bu ugurdaky barlaglaryň netijeleri «Diversity» žurnalynda çap edildi diýip, lenta.ru habar berýär.

Gadymy jandaryň daşa öwrülip giden galyndylary Taýlandyň demirgazygyndaky Phu Noý etrabynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapyldy. Dinozawryň skeleti örän gowy ýagdaýda saklanyp galypdyr. Alymlar munuň Günorta-Gündogar Aziýada tapylan dinozawr galyndylarynyň içinde iň gowusydygyny belleýärler.
Ozal ylma mälim bolmadyk täze görnüş Minimocursor phunoiensis diýlip atlandyryldy. Ol iki aýagynda ýöräpdir, uzyn bedeni we guýrugy, äňinde süňk ösüntgisi bolan çüňke meňzeş agzy hem-de çanaklygynyň üstünde gerşi bolupdyr. Tapylan galyndylaryň çagalykdan ýaňy saýlanan dinozawra degişlidigi bellenilýär. Ol ulalanda boýy iki metre ýetip biljek eken.
Minimocursor phunoiensis ösümlikler bilen iýmitlenipdir, çalt ylgama ukyply bolupdyr. Galyndylaryň ýaşy, takmynan, 145 – 163 million ýyl hasaplanýar.


şu gün 20:00
451

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

şu gün 17:07
512

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......