Raşid Meredow RF-niň Hökümet Baştutanynyň orunbasary Owerçuk bilen telefon arkaly gürleşdi

  • 01.08.2023 18:34
  • 13k+

Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk we Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow telefon arkaly söhbetdeşliginde iki ýurduň arasynda orta we ýokary bilim hem-de medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy. Bu barada TASS agentligi RF-niň Hökümetiniň Telegram kanalyna salgylanyp habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen RF-niň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň başlyklary bu ulgamlarda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdylar. Bu ugurlarda taraplar baý tejribe topladylar, şeýle hem ýakyn geljek üçin täze meýilnamalar bellenildi.
Şolaryň hatarynda — Aşgabatda bilelikdäki türkmen-russiýa uniwersitetini döretmek, şeýle hem geljekde Russiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň Türkmenistanda şahamçalaryny açmak bellenildi.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......