1-7-nji awgustda ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligi başlandy

  • 01.08.2023 11:38
  • 14k+

Her ýylyň 1 — 7-nji awgusty aralygynda “Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligi” bellenilýär. Bu hepdelik ilkinji gezek 1992-nji ýylda Ene süýdi bilen iýmitlendirmek boýunça Bütindünýä birleşmesi tarapyndan bellenilip, häzirki wagtda ÝUNISEF, BSGG ýaly abraýly guramalar tarapyndan goldanylýar.

Dünýäniň 170-den gowrak ýurdunda, şol sanda Türkmenistanda giňden bellenilýän bu hepdeligiň esasy maksady bütindünýäde ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak we ony ilatyň arasynda wagyz etmekden ybaratdyr. Lukmanlaryň yzygiderli nygtaýyşlary ýaly, ene süýdi täze doglan çaga üçin hiç zat bilen ornuny çalşyp bolmajak gymmatly iýmitdir. Ol çaganyň kadaly ösüp-kemala gelmeginde, beden we ruhy taýdan sagdyn hem-de işjeň bolmagynda uly ähmiýete eýe. Ene süýdi çaganyň bedeninde ýeňillik bilen özleşýär. Ol dürli ýokançlardan, gulak we dem alyş ýollarynyň sökelliklerinden, ýiti respirator kesellerden, içgeçmeden goraýar. Ene süýdüni emýän çagalarda allergiýanyň, ganazlygyň, ýokanç keselleriň döremek howpy azalýar. Olarda iýmit siňdiriş hadysalarynyň we madda çalşygynyň bozulmalary seýrek duş gelýär.
Ene süýdi çaganyň ömrüniň ilkinji 6 aýlygynda hiç zat bilen ornuny tutup bolmajak iýmitdir. Onuň düzüminde çaganyň kadaly ösmegi üçin derwaýys maddalaryň ählisi ýeterlik we dogry gatnaşykda saklanýar. Ene süýdüni emýän sagdyn bäbege 6 aýlyga çenli hiç-hili goşmaça iýmit bermeli däl. Ene süýdüniň çagany köp kesellerden goraýandygyny göz öňünde tutup, ene süýdi bilen emdirmekligi 2 ýyla çenli dowam emdirmek maslahat berilýär. Elbetde, 6 aýlykdan başlap çaga goşmaça iýmit bermek hökmandyr, ýöne şol bir wagtda ony 2 ýaşaýança emdirmegi dowam etdirmelidir.


20.06.2026 12:08
6.1k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......