Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

  • 01.08.2023 01:14
  • 46k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife ýurduň Bajaur etrabynyň Kar şäherinde bolup geçen partlamanyň köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda aýdylýar.

Döwlet Baştutany şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
30-njy iýulda, ýekşenbe güni Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda Haýber-Pahtunhwa welaýatynda bolup geçen partlama zerarly aradan çykanlaryň sany 54 adama ýetdi. 83 adam hassahanada bejergi alýar.


02.08.2025 17:26
10k+

2025-nji ýylyň iýul aýy Aşgabatda howa gözegçilikleriniň taryhynda dördünji iň yssy aý boldy

2025-nji ýylyň iýul aýy Aşgabatda howanyň gyzgynlyk derejesiniň ýokary galmagy boýunça dördünji aý hökmünde hasaba alyndy — bu bolsa 1891-nji ýyldan bäri alnyp barylýan meteorologik gözegçilikleriň taryhynda rekord görkeziji boldy...

25.07.2025 11:00
25k+

Serdar Berdimuhamedow Russiýada bolup geçen awiaheläkçilik zerarly W.Putine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine “Angara” awiakompaniýasynyň raýat uçarynyň heläkçilige uçramagy we köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi...

13.06.2025 12:12
21k+

Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň ýolbaşçylaryna awiaheläkçilik zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Ahmedabad şäherinde ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi...

07.06.2025 12:21
15k+

Türkmen alymlary Derweze gaz krateriniň alawlamasyny peseltmegi başardylar

Garagum sährasyndaky Derweze gaz krateriniň ýanmagynyň depgini üç esse azaldy. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň barlaghanasynyň müdiri Irina Lurýewa habar berdi. "Krateriň tertipsiz ýanmagynyň ýygjamlygy 2023-nji ýylyň awgust aýy bilen deňeşdirilende üç esseden gowrak azaldy...