Owganystanda we Pakistanda ýagan güýçli ýagyşlar weýrançylyklara sebäp boldy

  • 01.04.2026 15:57
  • 11k+

Soňky bäş günüň dowamynda ýagan güýçli ýagyşlar Owganystanda we Pakistanda uly möçberli siliň gelmegine hem-de binalaryň ýykylmagyna sebäp boldy. Duşenbe güni häkimiýetleriň beren maglumatyna görä, heläk bolanlaryň sany azyndan 45-e, ejir çekenleriňki bolsa 74-e ýetdi.

Degişli gulluklar durnuksyz howa şertleri sebäpli howpuň dowam edýändigini duýdurýar diýip Reuters agentligi habar berýär.

Tebigy betbagtçylyklara garşy göreşmek boýunça milli müdiriýetiň maglumatyna görä, Owganystanda wepat bolanlaryň agramly bölegi ýurduň merkezi we gündogar welaýatlaryna, şol sanda Parwan, Maýdan-Wardak, Daýkundi we Logar sebitlerinendir. Bu ýerlerde çabga ýagyşlary sil we süýşgünleri emele getirip, 130 sany öýi doly weýran etdi. Netijede 1140 maşgala zyýan çekdi.

Owganystan bilen serhetleşýän Pakistanyň Haýber-Pahtunhwa welaýatynda hem güýçli ýagyşlar öýleriň üçeklerini we diwarlaryny ýykdy. Welaýatyň betbagtçylyklara garşy göreşmek müdiriýetiniň habarynda bu ýagdaý zerarly heläk bolan 17 adamyň 14-siniň çagalardygy we ýene-de 25 adamyň dürli derejede şikes alandygy aýdylýar.

BMG Pakistany we Owganystany aşa weýrançylykly howa hadysalaryna hem-de klimatyň üýtgemegine has köp sezewar bolýan ýurtlaryň hataryna goşýar. Geçen ýyl Pakistanda bolan güýçli musson ýagyşlary 1000-e golaý adamyň ömür tanapyny kesip, ekin meýdanlaryna, mallara we ýaşaýyş jaýlaryna uly zyýan ýetiripdi.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň 2025-nji ýylyň noýabrynda çap edilen hasabatynda ýer titremeleriniň, suw joşgunlarynyň we guraklygyň Owganystanda 8000 töweregi öýi weýran edendigi hem bellenilýär.


20.06.2026 14:57
7.1k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....