ÝUNESKO mekdeplerde ykjam telefonlaryň ulanylmagyny gadagan etmegi maslahat berdi

  • 30.07.2023 10:02
  • 12k+

Mekdeplerde ýetişigi gowulandyrmak, sapaklaryň bölünmeginiň öňüni almak we çagalary kiberbullingden goramak üçin çagalar tarapyndan ykjam telefonlaryň ulanylmagyny gadagan etmek gerek. Bu barada ÝUNESKO-nyň hasabatyna salgylanyp, “The Guardian” neşiri ýazýar.

Hasabata görä, smartfonyň aşa köp ulanylmagynyň ýetişigiň peselmegi bilen baglanyşyklydygyny, ekranyň öňünde geçirilen ýokary wagt görkezijileriniň bolsa “öz-özüňi dolandyrmaklyga we emosional durnuklylyga ýaramaz täsir edip biljekdigini, şeýle-de ynjalyksyzlygy we sussupeslik ýagdaýyny güýçlendirip biljekdigini görkezýän maglumatlar bar.
Hasabatda sanly tehnologiýalaryň, şol sanda emeli intellektiň bilimde adama gönükdirilen ugra tabyn bolmalydygy we okuwçylaryň mugallymlar bilen ýüzbe-ýüz gatnaşygynyň ornuny tutmaly däldigi bellenilýär.
ÝUNESKO mekdepde we öýde okuwçylaryň sanly tehnologiýalary, hususan-da, smartfonlary, planşetleri we kompýuterleri aşa köp ulanmagynyň olary işden daşlaşdyryp, bilimiň hiline ýaramaz täsir edip biljekdigini belledi.
Şol bir wagtyň özünde gurama bu negatiw faktorlara garamazdan, döwrebap tehnologiýalaryň millionlarça adamyň bilim almagyna mümkinçilik döredendigini belledi. Aýratynam, pandemiýa döwründe onlaýn bilim mekdeplere we uniwersitetlere çäklendiriji çäreleriň hereket edýän şertlerinde işi dowam etdirmäge kömek etdi.
ÝUNESKO 200 döwletde bilim ulgamlaryny seljerdi. Guramanyň hasabyna görä, diňe her altynjy ýurtda mekdepde telefon ulanmaklyk gadagan edilýär.


22.02.2026 15:18
1.4k+

ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň mejlisi geçirildi

21-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň başlyklyk etmeginde ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi...

29.12.2025 16:17
2.2k+

Elektron aýdym-saz Fransiýada milli miras statusyny aldy

Fransuz elektron sahnasy resmi taýdan ýurduň Maddy däl medeni mirasynyň milli sanawyna girizildi. Bu çözgüt geljekde žanry ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak üçin dalaş etmäge mümkinçilik berýär. Bu başlangyç barada Fransiýanyň medeniýet ministri Raşida Dati habar berdi...

12.12.2025 12:51
2.7k+

Italýan aşhanasy adamzadyň maddy däl medeni mirasy diýlip ykrar edildi

Italiýanyň aşhana däpleri resmi taýdan ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu barada Italiýanyň premýer-ministri Jorja Meloni habar berdi. Çözgüt Nýu-Delide geçirilen sessiýada Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komiteti tarapyndan kabul edildi...

01.11.2025 09:39
1.3k+

Samarkantda ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 43-nji mejlisi öz işine başlady

30-njy oktýabr – 13-nji noýabr aralygynda Samarkant şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş maslahatynyň nobatdaky 43-nji mejlisi geçirilýär. Mejlise Türkmenistanyň medeniýet ministri A...