Iýul aýy heniz tamamlanmanka adamzat taryhynda iň yssy aý boldy

  • 29.07.2023 11:32
  • 27k+

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň web sahypasynda çap edilen maglumata görä, iýul aýynyň ilkinji üç hepdesi rekord derejedäki iň yssy üç hepde boldy.

“Biz aýyň ahyrlaryna garaşyp oturmaly däl <...>. 2023-nji ýylyň iýuly ähli görkezijiler boýunça rekord goýar "-diýip, BMG-nyň Baş sekretary Antoniu  Guterriş aýtdy.
“Şu gün ýaýradylan maglumatlara görä, iýul aýynda taryhda iň yssy üç hepdelik döwür; rekord derejedäki iň yssy üç gün; we ýylyň şu pasly üçin ummanda iň ýokary temperature boldy" diýip, BMG-nyň Baş sekretary sözüni dowam etdi.

Onuň pikiriçe, Demirgazyk Amerikanyň, Aziýanyň, Afrikanyň we Ýewropanyň giň giden sebitleri üçin bu tomus rehimsiz boldy. “Bu tutuş planetamyz üçin betbagtçylyk. Alymlar muňa, gürrüňsiz, adamlaryň günäkärdigini äşgär edýärler"-diýip Guterriş sözüni tamamlady.
Şeýle hem, bu maglumatlaryň alymlaryň çaklamalaryna we duýduryşlaryna doly laýyk gelýändigini, ýekeje garaşylmadyk zat: howanyň üýtgemeginiň tizligi diýip belläp geçdi.
2021-nji ýylda ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary müdirligi iýul aýynda 142 ýylyň meteorologiki gözegçilikleriniň dowamyndaky global temperaturanyň rekord derejä ýetendigini habar berdi.
Müdirligiň berýän habaryna görä, şol aýda Ýer üstüniň we ummanyň umumy temperaturasy XX asyryň 15,8 gradus bolan ortaça görkezijisinden 0,93 dereje ýokary boldy. 2021-nji ýylyň iýulynda temperatura 2016-njy ýyldaky öňki rekorddan 0,01 dereje ýokary boldy.


11.06.2026 10:59
7.4k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
7k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

08.06.2026 08:03
5.2k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....