Facebook-da 3 milliarddan gowrak işjeň ulanyjy bar

  • 29.07.2023 11:22
  • 4.1k+

Meta kompaniýasynyň soňky, çärýekleýin hasabatyna görä, Facebook-yň aýda üç milliarddan gowrak işjeň ulanyjysy bar.

Facebook-yň ýaşlaryň arasynda meşhurlygy pese gaçsa-da, platforma heniz jansyz bolmakdan uzakda. WhatsApp-y, Instagram-y, Messenger-i we häzirki wagtda bolsa Threads-y hem öz içine alýan Meta goşundylar maşgalasynyň aýda işjeň ulanyjylary 3,88 milliard diýip hasaplanýar. Bu dünýäniň ilatynyň ýarysyna golaýy diýmegi aňladýar.
Şol bir wagtyň özünde, gündelik işjeň hereket edýän ulanyjylaryň sany hem artmagyny dowam etdirýär. Facebook-yň gündelik işjeň ulanyjylary 2,064 milliard bolup, bu deňeşdirilende geçen çärýekdäki 2,037 milliarddan köpelendigini görkezýär. Bu ösüş, 2021-nji ýylyň soňky çärýeginde bolşy ýaly, Facebook-yň gündelik işjeň ulanyjylarynyň ilkinji çärýekde azalandygyny habar berdi.
Fewral aýynda Meta Facebook-yň ulanyjylarynyň gündelik 2 milliard çäkden geçendigini habar berdi.


19.06.2026 19:38
665

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

11.06.2026 23:54
1.7k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......