Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi dalaşgärleri okuwa çagyrýar

  • 29.07.2023 10:40
  • 13k+

Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi dalaşgärleri okuwa çagyrýar 2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

  1. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.
  2. Maliýe we karz.
  3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
  4. Salgytlar we salgyt salmak.
  5. Ykdysadyýet we hojalyk hukugy.
  6. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary.

Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebine Aşgabat şäherinde hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglary oňyn netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti 2 ýyl.
Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 17-nji iýuly – 21-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • - bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
  • - bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • - bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • - Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • - soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölumden) häsiýetnama;
  • - bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
  • - 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • - işleyänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • - okuw dersleri boyunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň yeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildiryänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • - pasportyny;
  • - harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boyunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde (Aşgabat şäheri) 2023-nji ýylyň awgust aýynyň 24-25-i, 27-si we 28-i günlerinde geçirilýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş derslerinden geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilyär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere göra gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen yagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň salgysy:
Aşgabat ş., (1987) Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 112, tel.:49-00-52, 46-64-29.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......