2023-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda geçiriljek esasy çäreler

  • 29.07.2023 09:51
  • 16k+

Awgust aýynyň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa geçiriljek esasy çäreleriň tertibi barada hasabat berdi.
Hususan-da, yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek meýilleşdirilýär. Çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde birnäçe çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, geljek aýda Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiň welaýat tapgyrlaryny, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi” atly maslahaty geçirmek, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistan — ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly dabaraly maslahaty guramak, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryny, Daşoguz şäherinde “Garaşsyzlyk — dillerimiziň dessany” atly festiwaly we maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......