Golfstrim akymy eýýäm 2025-nji ýylda ýitip biler. Onuň nämesi zyýanly?

  • 26.07.2023 21:51
  • 20k+

Golfstrim akymy eýýäm 2025-nji ýylda ýitip biler we bu weýrançylykly klimat hadysalaryna sebäp bolar diýip, «mail.ru» «The Guardian» gazedine salgylanyp habar berýär.

Golfstrim Atlantik ummanyndaky ýyly deňiz akymydyr we ol Ýer planetasynda ýylylygyň ýaýramagynda esasy wezipeleriň birini ýerine ýetirip, klimata ägirt uly täsir edýändir. Çeşmede bellenilmegine görä, global ýylylyk sebäpli bu akym soňky 1600 ýyl bäri iň pes derejesinde saklanýar. Eýýäm 2021-nji ýylda Golfstrimiň rekord derejede haýallandygy hasaba alnypdy.
Geçirilen barlaglara görä, eger atmosfera goýberilýän uglerodyň möçberi azaldylmasa, 2050-nji ýyla çenli global derejeli klimat betbagtçylygy bolup biler. Bu akym 12 müň ýyl bäri hereket edip gelýär, onuň işiniň bozulmagy Hindistana, Günorta Amerika we Günbatar Afrika ýagyş ýagmagynyň kesilmegine, Ýewropada harasatlaryň köpelmegine hem-de howanyň sowamagyna, deňziň derejesiniň ýokarlanmagyna, şeýle hem Amazonka tokaýlarynyň we Antarktidanyň buz örtüginiň ýok bolmagyna getirip biler.


27.02.2026 20:58
3k+

Tirannozawr reks: sekiz tonnalyk «towuk» ýaly hereket edipdir

"Ýura döwrüniň seýilgähindäki" (film) ýeri sarsdyryp ýöreýän agyr tirannozawr reks baradaky düşünjämizi gaýtadan gözden geçirmeli bolarys. Royal Society Open Science žurnalynda çap edilen täze ylmy barlag, hek asyrynyň bu gazaply ýyrtyjysynyň häzirki zaman guşlaryna meňzeş ýagdaýda, ýagny aýaklarynyň barmaklarynyň ujunda hereket edendigini subut edýär...

25.02.2026 06:38
4.9k+

Alymlar öň näbelli bolan ýaşaýyş formasyny – gadymy Prototaxites organizmini açdylar

Kanadanyň Gaspe aýlagynyň kenaryndan tapylan sekiz metr uzynlykdaky ägirt uly gurluşlaryň ylma mälim bolmadyk, ýitip giden düýbünden başga bir ýaşaýyş formasydygy anyklandy. Bu barada Science žurnaly habar berýär...

24.02.2026 18:28
5.8k+

250 million ýyllyk deňiz amfibiýasynyň galyndylary mezozoý eýýamynyň ýyrtyjylary baradaky syrlary açdy

Alymlar mundan 60 ýyl ozal Awstraliýanyň demirgazyk-günbatar sebitinden tapylan we takmynan 250 million ýyl ozal ýaşap geçen deňiz amfibiýalarynyň galyndylaryny gaýtadan öwrendiler. Bu tapyndylar uzak wagtlap muzeý kolleksiýalarynda saklanyp, öwrenilmän galypdy...

18.02.2026 09:57
6.1k+

Wýetnamda 2000 ýyl ozal dişleri garaltmak däbi bolupdyr: bu geň däbiň syry açyklandy

Dişleri garaltmaklyk — Gündogar we Günorta-Gündogar Aziýa halklarynyň arasynda gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän özboluşly däpdir. Bu däp adamlar üçin "özüňkini" "ýatdan" tapawutlandyrmak, adamlary jyn-şeýtanlardan, medeniýetli halky bolsa "wagşylardan" saýhallamak ýaly birnäçe möhüm wezipäni ýerine ýetiripdir...