Werstappen "Formula-1-iň" Wengriýanyň Gran-prisi tapgyrynyň ýeňijisi boldy

  • 24.07.2023 13:29
  • 3.3k+

"Red Bull" toparyndan niderlandly Maks Werstappen "Formula-1" çempionatynyň 11-nji tapgyry bolan Wengriýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Ýaryş "Hungaroring" awtodromynda geçirildi. 

Ikinji orny "Maklarenden" britaniýaly Lando Norris eýeledi. Liderleriň üçlügini "Red Bull" toparynyň ýene bir sürüjisi meksikaly Serhio Peres jemledi. Norris "Formula-1-iň" Gran-pri tapgyrynyň yzygider ikinji gezek baýrakçysy boldy. Mundan öň ol 2022-nji ýylyň aprel aýyndan bäri liderleriň üçlügine goşulmandy. 
Werstappen yzygider ýedinji ýeňşi gazanyp, germaniýalylar Niko Rosberg bilen Mihael Şumaheriň, şeýle-de italiýaly Alberto Askariniň netijelerini gaýtalady. Yzygider has köp ýeňşi diňe germaniýaly Sebastýan Fettel (9) gazanypdy.
"Red Bull" topary Gran-pri tapgyrlarynda gazanan yzygider ýeňişleriniň sany boýunça rekord goýdy - 12. Ol häzirki möwsümde ähli Gran-pri tapgyrlarynda ýeňiş gazandy, şeýle-de geçen möwsümde jemleýji tapgyryň ýeňijisi boldy. Öňki rekord 1988-möwsüminde yzygider 11 ýeňiş gazanan "Maklaren" toparyna degişlidi.
Umumy sanawda Werstappen 280 utuk bilen birinji orny eýeleýär. Üçlüge 171 utuk bilen Peres we 139 utuk bilen Fernando Alonso hem girýär. Konstruktorlaryň kubogynda "Red Bull" (451) lider bolup, onuň yzyndan "Mersedes" (223) we "Aston Martin" (184) gelýär.
Indiki Gran-pri tapgyry 28-30-njy iýulda Belgiýada geçiriler.


05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
1.9k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.4k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.8k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....