Türkmenistan futzal boýunça CAFA FUTSAL CUP-2023 ýaryşynda Eýrandan üstün çykdy

  • 24.07.2023 12:09
  • 12k+

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy “CAFA Futsal Cup-2023” halkara ýarynyşynyň çäginde ilkinji ýeňşini gazanmagy başardy. Halkara ýaryşynyň birinji tapgyrynyň çäginde milli ýygyndymyz Eýranyň milli ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Ýygyndy toparymyza ýeňiş getiren toplary Gylyçmyrat Gylyçmyradow bilen Maksat Soltanow öz atlaryna ýazdyrdylar. Aziýa yklymynyň iň güýçli topary hasaplanylýan Eýranyň ýygyndy toparyndan üstün çykan Türkmenistanyň milli ýygyndysy toplan üç utugy bilen halkara ýaryşynda ýeňiş gazanmak mümkinçiligini artdyrdy. 
Ýygyndy toparymyz halkara ýaryşyndaky ikinji duşuşygyny 24-nji iýulda Täjigistanyň ýygyndy toparynyň garşysyna geçirer.
Merkezi Aziýa wekilçilik edýän milli ýygyndylaryň arasyndaky ilkinji halkara ýaryşy Merkezi Aziýanyň futbol Assosiasiýasy tarapyndan geçirilýändigini ýatladýarys.
Halkara ýaryşy 23-30-njy iýul aralygynda Duşenbe (Täjigistan) şäherinde dowam eder. Baş baýrak ugrunda biziň milli ýygyndy toparymyzdan başga Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Owganystanyň milli ýygyndylary bäsleşerler.
Bir aýlawdan ybarat boljak «CAFA Futsal Cup-2023» halkara ýaryşynyň çäginde duşuşyklaryň 15-si geçiriler. Ýeňiji gazanylan utuklaryň sany boýunça kesgitlener.
Bu halkara ýaryşyndaky çykyşy ýygyndy toparymyz üçin şu ýylyň 7-11-nji oktýabry aralygynda Tailandda geçiriljek Aziýa Kubogy-2024-iň saýlama tapgyryna taýýarlygy bolar. Saýlama tapgyrynda “A” toparçada çykyş edýän milli ýygyndymyzyň garşydaşlarynyň Tailandyň, Gonkongyň hem-de Hytaýyň milli ýygydylarydygyny ýatladýarys.


03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.4k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......