Türkmenistanyň milli ýygyndysy sentýabrda Indoneziýa we Gonkong bilen futbol duşuşyklaryny geçirer

  • 23.07.2023 15:17
  • 14k+

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Gonkongyň we Indoneziýanyň milli ýygyndylary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer. Bu barada ORIENT agentligi habar berýär.

Türkmenistan bilen Indoneziýanyň arasyndaky ýoldaşlyk duşuşygy 8-nji sentýabra meýilleşdirildi. Duşuşyk Surabaýa şäherinde (Indoneziýa) «Gelora Bung Tomo» stadionynda geçiriler.
Gonkongyň milli ýygyndysy bilen duşuşyk 12-nji sentýabrda geçiriler.
FIFA-da sentýabrda geçiriljek duşuşyklar Türkmenistanyň milli ýygyndysyna Dünýä çempionaty — 2026-nyň saýlama tapgyryna taýýarlyk görmäge mümkinçilik berer. Saýlama tapgyryň bijeleri 27-nji iýulda Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň Kuala-Lumpurdaky ştab-kwartirasynda geçiriler.


düýn 22:01
3.1k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
7.8k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.1k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

08.06.2026 12:42
9.1k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......