Türkmenistan 2023-nji ýylda Dohada we Er-Riýadda geçiriljek halkara sergilerine gatnaşar

  • 22.07.2023 09:29
  • 7.5k+

Türkmenistan Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek «Foodeх Saudi» atly Х halkara söwda sergisine gatnaşmak boýunça degişli işleri alyp barýar.

Şeýle hem ýurdumyzyň 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry — 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda tebigy serişdeleri we daşky gurşawy goramak, çölleşmäniň öňüni almak, suw serişdelerini tygşytlamak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, «ýaşyl» şäher bilen bagly meselelere bagyşlanan «EKSPO — 2023 Doha» halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Türkmenistan «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga hem taýýarlyk görýär.
Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew hasabat berdi.


düýn 17:31
1.2k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.8k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....