Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

  • 21.07.2023 01:00
  • 9.1k+

20-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin-Pýo bilen duşuşygy boldy.

Ikiçäk we giňişleýin düzümde geçirilen gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
​​Kim Çžin Pýo Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünliklerine, ýeten derejesine uly gyzyklanma bilen syn edilýändigini belläp, Koreýanyň öňdebaryjy kompaniýalaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdi.
Soňky ýyllarda Koreýanyň iri kompaniýalary geljegi uly hasaplanylýan türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrýarlar. Koreýaly işewür düzümleriň dünýäde ygtybarly hyzmatdaş we özüniň hyzmatdaşlyk borçlaryna örän jogapkärçilikli çemeleşýän ýurt hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen dürli ugurlar boýunça gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.


düýn 12:22
2.1k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

08.06.2026 17:39
1.8k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......