Özbegistan halal syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär

  • 20.07.2023 18:51
  • 10k+

Özbegistanyň Medeniýet we Syýahatçylyk ministrliginiň ýanyndaky “Syýahatçylyk hyzmatlaryny sertifikatlaşdyryş merkezi” Döwlet Unitar Kärhanasy kompaniýalar we “Halal MAIB” LLC Halkara Sertifikat Merkezi bilen halal-syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada Ähtnamalara gol çekdiler. Bu barada Özbegistanyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

"Ähtnama ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagy, şeýle hem deňligi, özara ynamy we düşünişmegi, Özbegistan Respublikasynda halal syýahatçylygyň ösüşinde ruhy we täjirçilik mümkinçiliginiň netijeliligini, etiki kadalaryň we düzgünleriň gymmatlygyny hem-de wajyplygyny, olaryň döwletiň ykdysady we medeni ösüşindäki ähmiýetini göz öňünde tutup, halal syýahatçylyk üçin amatly şertleri üpjün etmekligi göz öňünde tutýar” diýip, habarda aýdylýar.

Halal-syýahatçylyk we dynç alyş, yslamyň kadalaryna laýyklykda syýahat etmäge we dynç almaga mümkinçilik berýän syýahatçylygyň bir görnüşidir. Hususan-da, myhmanhanalarda diňe alkogolsyz içgiler hödürlenýär, ähli iýmitler halallyk ülňüsine laýyk gelýär hem-de erkekler we aýallar üçin aýratyn infrastruktura bilen enjamlaşdyrylan. Häzirki wagtda diňe Türkiýede musulmanlar üçin ýöriteleşdirilen halal myhmanhanalar we şypahanalar bar. Syýahatçylygyň bu görnüşi üçin aýratyn teklipler Malaýziýada, Birleşen Arap Emirliklerinde we Müsürde bar.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......