Türkmenistanlylar ABŞ-da okamaga çagyrylýar

  • 20.07.2023 18:16
  • 35k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň uniwersitetlerine we kollejlerine okuwa girmek isleýän ýaş türkmenistanlylar “Prep4Sucess” maksatnamasynyň çäklerinde 18 hepdelik taýýarlyk okuwlaryna çagyrylýar.

Güýz möwsüminde geçiriljek okuwlarda okajaklar ABŞ-da okamak üçin zerur bolan “TOEFL” we “SAT” synaglaryna we akademiki taýdan okamak, ýazmak hem-de beýleki ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin taýýarlanylar. Bu okuwlara gatnaşmaga isleg bildirenler orta mekdebi tamamlan, ýokary okuw mekdebini tamamlamadyk ýa-da olarda okaýan bolmaly däldir. Şeýle hem okuwa gatnaşmaga isleg bildiren orta we ýokary derejede iňlis dilini bilmelidir.
Resminamalary kabul edilen dalaşgäriň kompýuter ýa-da smartfon arkaly Internet elýeterliligi bolmalydyr. Okuw ýumuşlary okaýanlara sosial tor ýa-da elektron poçta arkaly iberiler.
Gerekli resminamalar bilen şu salgy boýunça tanşyp bilersiňiz: americancouncilstm.org.


08.06.2026 23:01
2.4k+

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

01.06.2026 17:06
3k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.2k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......