Ukraina ynsanperwerlik kömegi üçin Türkmenistana hoşallyk hatlaryny gowşurdy

  • 19.07.2023 16:44
  • 27k+

Şu gün, 19-njy iýulda Arkadag şäheriniň çäginde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Ukrain döwletinden hoşallyk hatlary gelip gowuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň saýty habar berýär.

Çärä  Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň  Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri,  Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýet agzalary, Arkadag şäheriniň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem  Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi gatnaşdy. 
Öň habar berşimiz ýaly, şu ýylyň mart aýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ukrain halkynyň çagalary üçin ynsanperwer kömegi iberildi. Hoşallyk hatynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden, Dokma senagaty ministrliginden hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden iberilen degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler, harytlar hem-de azyk önümleri ynsanperwer kömegi hökmünde Ukrainanyň çagalaryna ýetirildi.
Hoşallyk hatlary bilen birlikde, dostlukly ýurduň birnäçe etraplaryna Türkmenistandan iberilen ynsanperwer kömeginiň, şol sanda dokma hem-de azyk önümleriniň ukrain çagalary tarapyndan aýratyn hoşallyk we şatlyk bilen kabul edýän pursatlaryndan düşürilen fotosuratlary gowşuryldy. Hatlary iberenler “Belozerskoýe hassahanasy” täjirçilik bolmadyk Jemagat kärhanasynyň baş lukmany, “Ohmatdet” milli ýöriteleşdirilen çagalar hassahanasynyň baş direktory we beýlekiler özleriniň çuňňur hoşallyklaryny beýan edipdirler.


düýn 20:55
2.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......