Fransiýada elektrikli awtoulaglara zarýad berýän ýollar gurlar

  • 19.07.2023 16:15
  • 21k+

Ysraýylyň simsiz zarýad bermek boýunça synaglary bilen tanalýan Electreon startapy Fransiýada zarýad berýän ýollary gurmak boýunça bäsleşikde ýeňiji boldy. Şeýle-de bolsa, Jerusalem Post-uň ýazmagyna görä, birinji tapgyrda simsiz zarýad beriş ulgamy bilen enjamlaşdyrylan ýol böleginiň uzynlygy bary-ýogy 2 kilometre barabar bolar. Fransiýadan başga-da, Norwegiýada-da şeýle ýollar peýda bolar.

Electreon ýokary tehnologiýaly ýoluň birinji bölegini simsiz stansiýa bilen bilelikde Parižiň golaýynda gurar. Ýoluň 2 kilometri, esasan, täjirçilik ulaglaryna zarýad bermek üçin niýetlenendir.
Şuny amal etmek bilen, fransuz häkimiýetleri şeýle tehnologiýanyň doly ornaşdyrylmagy ýük awtoulaglaryndan çykýan zyýanly zyňyndylaryň mukdaryny 86% azaldyp biler diýen netijä geldiler. Şeýle-de bolsa, tehnologiýanyň gymmatdygyny göz öňünde tutup, onuň ösüşi ortaça depginde dowam eder. 2030-njy ýyla çenli Fransiýa şeýle ýollaryň 5000 kilometrini gurdurmagy göz öňünde tutýar we 2035-nji ýyla çenli olaryň uzynlygy 9000 kilometre çenli artar.
Norwegiýada tehnologiýany jemgyýetçilik ulaglaryna gönükdirmegi meýilleşdirýärler - ilkinji nobatda, elektrik awtobuslary, ýoluň simsiz zarýadyna daýanyp, has ykjam batareýalar bilen üpjün edip bolar. Doly görnüşde gurlan ýol Tronheým şäheriniň çäginde 2029-njy ýyla çenli peýda bolmaly.


şu gün 18:51
1.4k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.3k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....