Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Nýu-Ýorkda BMG-niň ýokary derejeli forumyna gatnaşdy

  • 18.07.2023 19:26
  • 15k+

17-nji iýulda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Ýorkda “COVID-19-dan soň dikeldiş işini çaltlaşdyrmak we ähli derejelerde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ugurlarynda Gün tertibiniň doly durmuşa geçirilmegi” atly mowzuk bilen geçirilýän Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli foruma gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Forumyň umumy mejlisinde çykyş etmek bilen, ministr 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş ugrunda Gün tertibini durmuşa geçirmek hem-de milli we halkara derejelerde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny beýan etdi.
Çykyşda ählumumy ösüş maksatlarynyň orta we uzak möhletli milli durmuş-ykdysady maksatnamalara we strategiýalara ornaşdyrylmagynyň ýokary derejesi bellenildi.
Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmäge, ählumumy, adalatly we ýokary hilli bilim almak üçin şertleri döretmäge, daşky gurşawyň durnuklylygyny üpjün etmäge, ykdysady işjeňligiň ähli ugurlarynda täzeçillik girizmäge gönükdirilendir. Pandemiýa döwründe Türkmenistanyň aglaba pudaklarynyň ösüşini peseltmän, eýsem, ykdysady ösüşiň durnuklylygyny saklamagy başarandygy bellendi.


düýn 11:41
3k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:30
3k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......