Hytaý ýene-de dünýäde iň uly awtoulag eksportçysyna öwrüldi

  • 17.07.2023 17:48
  • 18k+

Hytaýyň awtoulag öndürijiler birleşiginiň habaryna görä, 2023-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda Hytaýdan beýleki ýurtlara 1,758 million awtoulag iberildi, bu 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 81,5% köp. Şeýlelikde, Hytaý ýene-de dünýäde iň köp awtoulag eksport ediji ýurt boldy. Sohu.com web sahypasynyň ýazmagyna görä, maý aýynda eksportyň mukdary 389 müň birlik boldy - bu bir ýyl ozalkydan 58,7%, 2023-nji ýylyň aprel aýy bilen deňeşdirilende, 3,4% köpdür.

Eksportda öňdebaryjy SAIC Motor döwlet korporasiýasy bolup, ýanwar-maý aýlarynda 396 müň taýýar awtoulag bilen üpjün etdi (goşmaça 5,9%). Önümleri bu bazaryň umumy göwrüminiň 21,3% -ini emele getirdi. Ikinji orunda 319 müň netije bilen Chery Group durýar, bu görkezilen döwürdäki satuwlarynyň ýarysyndan gowragyny emele getirdi. Has takygy, ol maý aýynda 74 000 awtoulag daşary ýurda iberdi - bu bir ýyl ozalkydan 1,7 esse köp. Ilkinji üçlügi Changan Auto ýapýar. Ol bäş aýyň içinde 163 000 awtoulag eksport etdi.
Iň uly on oýunçynyň arasynda BYD-nyň eksport biznesi iň çalt depginde ösdi: üpjünçilik ýylyň dowamynda 14,2 esse artyp, 69 000 ulaga ýetdi. Great Wall-yň görkezijisi, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, iki esse artyp, 99 000 birlige ýetdi.
Hytaý ilkinji gezek şu ýylyň birinji çärýeginde Germaniýadan we Ýaponiýadan öňe geçip, iň köp awtoulag eksportçysy boldy. Ilkinji üç aýda 1 069 million awtoulag ýurduň daşyna iberildi.


16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.7k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......