Türkmenistanly türgenler «Ýüpek ýoly» halkara awtorallisinde 2-nji we 3-nji ýerleri eýelediler

  • 17.07.2023 10:14
  • 25k+

«Ýüpek ýoly» halkara ýaryşy tamamlanyp, onuň baýrak gowşurylyş dabarasy Moskwa şäheriniň merkezinde Gyzyl meýdanda geçirildi.

Resmi çykyşlardan soňra türgenleri sylaglamak dabarasy boldy. Bu ýaryşa gatnaşan türkmen türgenleri hem baýraklymeýdança çykyp, ýurdumyzyň ýaşyl Tuguny belende galdyrdy.
T2 kategoriýasynda bäsleşen türkmen türgenleri Merdan Toýlyýew/Şöhrat Toýlyýew 2-nji, Maksatmyrat Daňatarow/Didar Orazmedow 3-nji orny eýeledi.

T2 ralli-reýdiniň netijeleri:

  1. Anton Melnikow / Anton Nikolaýew (Toyota LC 200) — 3 sagat 05:21.
  2. Merdan Toýlyýew/ Şöhrat Toýlyýew (Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasy, Nissan Patrol) +2 sagat 13:23.
  3. Maksatmyrat Daňatarow/Didar Orazmedow (Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasy, Nissan Patrol) +2 sagat 34:15.

Ýewraziýada iň uly ýaryşlaryň biri bolan bu rallä Russiýanyň, Belarusuň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Şweýsariýanyň, Serbiýanyň, Ysraýylyň, Kipriň, Albaniýanyň, Latwiýanyň, Litwanyň, Moldowanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, başga-da käbir ýurtlaryň toparlary-da gatnaşdylar.
Ýaryşyň ugry Russiýanyň 13 sebitiniň üstünden geçdi. Bäsleşigiň esasy baýragy bolan “Ak peleň” ugrundaky göreşe gatnaşýanlar jemi 5241 kilometr aralygy geçdiler.


08.06.2026 12:15
1.8k+

Roman Şogjiýew grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy

Russiýaly Roman Şogjiýew taryhda grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy. Bu barada Russiýanyň küşt federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.4k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....