Hindistan «Çandraýan-3» kysymly raketa-göterijini Aýa goýberdi

  • 16.07.2023 12:15
  • 10k+

Hindi kosmos gözleg guramasy (ISRO) «Çandraýan-3» planetalararasy awtomat stansiýasyny anna güni bortda Aý ulagy bilen Aýa iberdi. GSLV Mk III raketa-göterijisi Bangladeş aýlagynyň Şriharikota ada ýerleşen Satiş Dhawan adyndaky Kosmos merkezinde ýerleşýän kosmodromdan bat aldy. Uçurylyş hindi teleýaýlymlary tarapyndan göni ýaýlymda görkezildi.

ISRO-nyň habaryna görä, “Çandraýan-3” missiýasynyň esasan üç maksady bar: Aýyň ýüzüne howpsuz we ýumşak gonmagy amala aşyrmak, Ýeriň emeli hemrasynyň üstünde wezdehoduň işleýşini görkezmek we bir topar ylmy synaglary geçirmek. Planetara stansiýa üç esasy bölekden durýar: hereketlendiriji ulgamly modul, gonuş moduly we Aý roweri.
Biraz soň Hindi kosmos gullugy “Çandraýan-3” stansiýasynyň bat alyşdan takmynan 20 minut soň raketa-göterijiden üstünlikli bölnüp, Ýeriň orbitasyna çykarylandygyny habar berdi.


26.10.2025 09:27
9.1k+

Hindistan Delini tüsseden arassalamak üçin emeli ýagyş ýagdyrmaga taýýarlanýar

Hindi häkimiýeti emeli aňyň kömegi bilen Delidäki tüssä garşy göreşmek meýilnamasyny durmuşa geçirmäge girişdi. Şäher häkimiýetiniň başlygy Rekha Guptanyň habar bermegine görä, 23-nji oktýabrda tehnologiýanyň synaglary üstünlikli geçirildi, indi bolsa hünärmenler 28 – 30-njy oktýabrda bulut “ekişi” boýunça synagy geçirmäge taýýarlanýar...

16.09.2025 19:57
7.5k+

Hindi inženerleri uçarlar üçin “howa ýassyklaryny” oýlap tapdy

Hindi inženerleri uçarlar üçin täze howpsuzlyk ulgamyny döretdi – olar uçaryň fýuzelýažyny heläkçilik wagtynda açylyp, aşak gaçyşy ýumşatjak ägirt ýassyklar bilen örtmegi teklip edýär. Bu pikir şu ýylyň iýunynda Air India kompaniýasynyň uçary heläkçilige uçrandan soň peýda boldy...

31.07.2025 13:44
4.4k+

Hindistan adamdan öňürti kosmosa adam şekilli roboty iberer

Hindistanyň kosmos gözlegleri guramasy (ISRO) 2025-nji ýylyň dekabrynda orbita gumanoid robot bilen kosmos gämisini ibermegi meýilleşdirýär. Bu barada guramanyň başlygy Wanniýaperumal Naraýananyň sözlerine salgylanyp, Odisha Bytes habar berýär...

26.07.2025 11:59
3k+

NASA we Hindistan Ýere syn ediş hemralaryndan iň gymmatlarynyň birini uçurmaga taýynlanýar

30-njy iýulda ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň barlaglary dolandyryş gullugy (NASA) we Hindi kosmos barlaglary guramasy (ISRO) tarapyndan işlenip düzülen NISAR Ýere gözegçilik hemrasyny (NASA-ISRO Synthetic Aperture Radar) uçurmak meýilleşdirilýär...