Talyp - 2023: Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy

  • 15.07.2023 14:42
  • 10k+

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÇEPERÇILIK AKADEMIÝASY

2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

I. Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (hünärler: monumental nakgaşçylygy; stanok nak-gaşçylygy; teatr-bezeg nakgaşçylygy; stanok grafikasy; kitap grafikasy; heýkeltaraşlyk; ke-ramika sungaty; zergärçilik sungaty; halyçylyk sungaty).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (hünärler: dizaýn; şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti; binagärlik gurşawynyň dizaýny (binagärlik-çeper çözgüdi).

2. Binagärlik (hünärler: binagärlik ýadygärlikleri-niň rejelenilişi).

3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär: animasiýa we grafiki dizaýny).

Akademiýa Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geç-medik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary akademiýada (Aşgabat şäheri) 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy), Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyn-daky ýörite we orta sazçylyk, çeperçilik we sungat okuw mekdeplerini tamamlap, iki ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilimi hakynda resmina-manyň (diplomyň) tassyklanan göçürmesi;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bö-lümden) häsiýetnama;
— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassykla-nan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gat-naşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary boýunça bilim edara-laryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resmina-manyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän-ler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadat-namasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Döredijilik ugurlary boýunça okuwa girýän dalaş-gärler kabul ediş toparyna özbaşdak ýerine ýetiren iş-lerini (galamda çekilen suratlar, nakgaşçylyk eserleri, heýkel, keramika işleri we ş.m.) tabşyrýarlar.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edil-mek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş ka-gyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek akademiýada (Aşgabat şäheri) 2023-nji ýylyň 2 — 9-njy awgusty aralygynda bellenen möhletlerde geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünärler: monumental nakgaşçylygy; stanok nak-gaşçylygy; teatr-bezeg nakgaşçylygy; stanok grafi-kasy; kitap grafikasy — ga l amda gipsden ýasa l an ada-myň göwresiniň şekilini çekmek; reňkde berlen temadan taslama ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;
hünär: heýkeltaraşlyk — galamda gipsden ýasalan adamyň portretini çekmek; berlen temadan heýkeltaraş-lyk taslamasyny ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;

hünär: dizaýn — galamda gipsden ýasalan ada-myň portretini çekmek; berlen temadan dizaýn tasla-masyny ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: keramika sungaty; zergärçilik sunga-ty; halyçylyk sungaty — galamda natýurmort çek-mek; hünär aýratynlygyna laýyklykda, berlen temadan taslama ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;

hünär: şekillendiriş sungatynyň taryhy we na-zaryýeti — galamda natýurmort çekmek; berlen tema-dan taslama ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: binagärlik gurşawynyň dizaýny (bina-gärlik çeper-çözgüdi); binagärlik ýadygärlikleri-niň rejelenilişi; animasiýa we grafiki dizaýny — galamda gipsden ýasalan adamyň portretini çekmek; berlen çyzgynyň aksonometriýasyny düzmek; Türk-menistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenis-tanyň orta mekdepleriniň we çeperçilik mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Türkmenistanyň taryhy boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda sy-naglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin ar-tykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düz-günlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň salgysy: Aşgabat ş., 2022-nji (A.Nowaýy) köçe, 90, tel.: 92-56-41, 92-31-19, 92-25-08.


düýn 17:41
5.2k+

Türkmenistanyň raýatlary Malaýziýanyň PETRONAS uniwersitetinde bilim almaga çagyrylýar

  PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasy 2026-njy ýyl üçin Universiti Teknologi PETRONAS (UTP) okuw mekdebine girmek maksady bilen Block-I Education Sponsorship bilim maksatnamasyna arzalaryň kabul edilýändigini yglan etdi...

düýn 16:55
2.6k+

Okuwçy robototehnikaçylar Astanadaky ýaryşa ugradylar: maksat — ABŞ-daky dünýä finalyna çykmak

Türkmenistanyň zehinli mekdep okuwçylarynyň 10-sy Gazagystanyň Astana şäherine ugrady. Olar 2026-njy ýylyň 10-13-nji fewraly aralygynda geçiriljek FIRST Tech Challenge (FTC) halkara çempionatynyň sebitleýin tapgyryna toparlaýyn esasda gatnaşarlar...

06.02.2026 15:57
2.4k+

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty mekdep okuwçylaryny ders olimpiadalaryna gatnaşmaga çagyrýar

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýurduň orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylaryny ders olimpiadalaryna gatnaşmaga çagyrýar. Maksatnamanyň çäklerinde dört ders: matematika, fizika, himiýa we häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary boýunça olimpiadalar geçiriler...

05.02.2026 22:54
2k+

Türkmenistanda «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly IV mekdep olimpiadasy geçiriler

Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň arasynda «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly IV integrirlenen olimpiada geçiriler. Çäräniň guramaçysy hökmünde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti çykyş edýär...