Talyp — 2023: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

  • 15.07.2023 14:12
  • 25k+
Talyp — 2023: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETI

2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Matematika we mehanika (hünärler: matematika; amaly mate-matika we informatika).

2. Fizika we astronomiýa (hünärler: fizika; radiofizika we elektro-nika; astronomiýa).

3. Biologiýa ylymlary (hünär: biologiýa).

4. Himiýa (hünär: himiýa).

5. Ýeri öwreniş ylymlary (hünärler: geografiýa; kartografiýa; me-teorologiýa; ekologiýa).

6. Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologiýa).

7. Taryh we arheologiýa (hünär: arheologiýa).

8. Filosofiýa, etika we dini öwreniş (hünär: filosofiýa).

9. Ylahyýet (hünär: ylahyýet).

10. Syýasy ylymlar we sebiti öwreniş (hünärler: syýasaty öwreniş; gündogary öwreniş).

11. Dil bilimi we edebiýaty öwreniş (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; italýan dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty).

12. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (hünär: žurnalistika).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Matematika we mehanika (hünärler: matematika; amaly mate-matika we informatika).

2. Fizika we astronomiýa (hünärler: fizika; radiofizika we elektronika).

3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär: maglumat ulgam-lary we tehnologiýalary).

4. Biologiýa ylymlary (hünär: biologiýa).

5. Himiýa (hünär: himiýa).

6. Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologiýa).

7. Taryh we arheologiýa (hünär: taryh).

8. Dil bilimi we edebiýaty öwreniş (hünärler: türkmen dili we ede-biýaty; iňlis dili we edebiýaty, rus dili we edebiýaty).

9. Hukuk işi (hünär: hukuk öwreniş).

III. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Sosiologiýa we durmuş işi (taýýarlygyň ugry: durmuş işi).

IV. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (taýýarlygyň ugur-lary: pedagogika bilimi (matematika we informatika); pedagogi-ka bilimi (informatika we bilimde maglumat tehnologiýalary); pedagogika bilimi (geografiýa we ykdysadyýetiň esaslary).

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglary-nyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrli-gi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýet-nama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşigi-niň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda gör-kezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş to-paryna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artyk-maç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminama-lary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaş-gär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 2-3-i, 4-i we 5-i günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 6-7-si, 8-i we 9-y günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 10-y, 11-i we 12-si günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 13-14-i, 15-i we 16-sy günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 17-18-i, 19-y we 20-si günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 21-i, 22-si we 23-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär: hünärler: matematika; amaly matematika we informatika; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; taýýarlygyň ugurlary: pedagogika bilimi (matematika we informatika); pedagogika bi-limi (informatika we bilimde maglumat tehnologiýalary) — mate-matika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: fizika; astronomiýa; radiofizika we elektronika — fizi-ka, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: biologiýa — biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy; hünär: himiýa — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy; hünärler: geografiýa; ekologiýa — geografiýa, biologiýa, Türkme-nistanyň taryhy;

hünärler: kartografiýa; meteorologiýa; taýýarlygyň ugry: peda-gogika bilimi (geografiýa we ykdysadyýetiň esaslary) — geogra-fiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: psihologiýa — biologiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türk-menistanyň taryhy;

hünärler: taryh; arheologiýa; gündogary öwreniş; syýasaty öwreniş; filosofiýa; ylahyýet; taýýarlygyň ugry: durmuş işi — Türk-menistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş;

hünärler: türkmen dili we edebiýaty; žurnalistika — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

hünärler: iňlis dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; ne-mes dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; türk dili we ede-biýaty; arap dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty — saýlap alan hünär dili boýunça ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türk-menistanyň taryhy;

hünär: italýan dili we edebiýaty — iňlis dili, türkmen dili we ede-biýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: rus dili we edebiýaty — rus dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: hukuk öwreniş — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mek-depleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga, ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

— mugallymçylyk mekdebini tamamlan we mugallymçylyk ugrun-dan 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar (mugallymçylyk ugurly hünärlere girilen halatynda);

— hukuk öwreniş hünärine girýänler üçin hukuk goraýjy edaralar-da 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi hem-de şol edaralaryň döwlet we welaýat derejesindäkilerinden hödürnamasy bolanlar;

— «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnü-şinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31,
tel.: 94-69-90, 94-54-29


20.11.2024 12:32
5.4k+

Hytaýyň ilçihanasy Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebine hytaý dilindäki okuw kitaplaryny sowgat berdi

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hytaý dili hünäriniň mugallymlaryna we talyplaryna okuw kitaplary, okuw gollanmalary,...

18.11.2024 06:06
1.9k+

2025-nji ýylda Türkmen-iňlis söwda we senagat geňeşini geçirmek meýilleşdirilýär

14-nji noýabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bilen Beýik Britaniýanyň wekili - Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça eksport müdiri hanym Sara Çijiniň...

16.11.2024 09:08
5.3k+

Türkmenistanda Ýaşlar baýragynyň eýeleri yglan ediler we olary sylaglamak dabarasy geçiriler

Şu gün, 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek we olary sylaglamak dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Dabara görülýän taýýarlyk barada wise-premýer B.Orazdurdyýewa Hökümet...

13.11.2024 07:05
5.8k+

Türkmen döwlet maliýe instituty maliýe hasabatlylygy boýunça halkara olimpiadasynyň netijelerini yglan etdi

Türkmen döwlet maliýe instituty Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça Açyk halkara internet...