Sukerberg Maskyň garşysyna söweşe UFC-niň ýyldyzlary bilen bilelikde türgenleşýär

  • 13.07.2023 17:10
  • 41k+

Mark Sukerberg Ilon Mask bilen bolup biljek söweşine çynlakaý çemeleşýär. Sişenbe güni, 11-nji iýulda ol käbir suratlary ýerleşdirdi we UFC-niň ýyldyzlary bilen türgenleşýändigini tassyklady.

Israel Adesanýa we Aleks Wolkanowski Mark Sukerberge tälim bermäge başladylar. Üçüsi türgenleşikden soň surata düşdüler. Suratlarda Meta-nyň başlygy IT hünärmenine asla meňzemeýär. Ol dykyz ýumry çiginlerini, oňat myşsa massasy we deri asty ýagynyň azdygyny güjeňleýär.
Taplanan presden başga-da, 39 ýaşly Sukerbergiň güýçli gursak etleriniň, deltalarynyň, bisepleriniň we trisepleriniň oňat ösendigi görünýär. Mundan başga-da, onuň sport zalynda türgenleşiklerini duşundan geçirmeýändigi görünýär.
Adesanýa milliarderiň täsirine düşüp, Mark bilen oýun etmeli däldigini - onuň söweşe çyny bilen taýynlyk görýändigini aýtdy.

Öň, Ilon Mask üç gezek UFC-niň çempiony, garyşyk söweş sungatynyň ady rowata öwrülen pälwany Jorj Sen-Pýer bilen türgenleşmek baradaky teklibi kabul edipdi. Şeýle hem, ol Jorj Sen-Pýer, brazilleriň jiu-jitsu-synyň tälimçisi Jon Danaher we jiu-jitsu boýunça gara guşagyň eýesi Leks Fridman bilen düşen suratyny ýerleşdiripdi.


09.06.2026 08:03
16k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

07.06.2026 11:02
11k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......