Mask emeli aň işläp taýýarlamak üçin xAI kompaniýasyny döretdi

  • 13.07.2023 16:57
  • 7.4k+
Ilon Mask emeli aň bilen baglanyşykly meseleleri çözjek bir kompaniýanyň döredilendigini habar berdi.
Ol: "Hakykata düşünmek üçin xAI-iň döredilendigini yglan edýärin" -diýdi.
Şol bir wagtyň özünde x.ai web sahypasy açyldy. Kompaniýada Google-yň, Microsoft-yň we tehnologiýa pudagynyň beýleki kompaniýalarynyň öňki işgärleriniň işlejekdigini takyklaýar. Şeýle hem, Mask özüniň we toparyň 14-nji iýulda “Twitter Spaces” ýaýlymynda täze kompaniýa baradaky sowallara jogap berjekdigini habar berdi.
Mart aýynda Mask Newada ştatynda xAI kompaniýasyny hasaba aldyrdy, ýöne şondan bäri onuň işe başlandygy-başlamandygy barada täze maglumat ýok. Mask emeli aň bir wagtyň özünde hem geljegi uly, hem howply tehnologiýa diýip tekrarlady.

24.06.2026 23:26
2.8k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......