Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko HKS-e bir ýyllyk uçuşynyň dowamynda dört gezek açyk kosmosa çykar

  • 13.07.2023 11:32
  • 27k+

Roskosmosyň kosmonawtlary Oleg Kononenkonyň we Nikolaý Çubuň Halkara kosmos stansiýasyna (ISS) bir ýyllyk ekspedisiýasy wagtynda dört gezek açyk kosmosa çykmak meýilleşdirilýär. Bu barada Roskosmos-yň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko žurnalistlere habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

Ol: "Has giň ylmy maksatnama we dört gezek açyk kosmosa çykmak meýilleşdirilýär" diýdi. Şol bir wagtyň özünde, Kononenko kosmos gämisiniň daşynda  işlenende haýsy wezipeleriň ýerine ýetiriljekdigini takyk aýtmady.

Roskosmosyň berýän maglumatlaryna görä, “Soýuz MS-24” kosmos gämisi 15-nji sentýabrda stansiýa uçmaly. Onuň bilen Roskosmosyň kosmonawtlary Oleg Kononenkony we Nikolaý Çuby, şeýle hem NASA-nyň astronawty Lorel O'Hara-ny HKS-e eltmek meýilleşdirilýär.
Çub we Kononenko bir ýylyny stansiýada geçirerler we 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda Ýere gaýdyp gelerler. Bir ýyllyk ekspedisiýanyň çäginde, eýýäm karýerasynda 736 günden gowrak wagtlap uçuşda bolan, Türkmenistanyň Gahrymany Kononenko, 1000 günden gowrak wagtyny orbitada geçiren ilkinji adam bolup biler.


17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

13.06.2026 16:56
2.2k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......