Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko kosmosda müň gün bolan ilkinji kosmonawt bolup biler

  • 30.05.2023 15:33
  • 35k+

2023-nji ýylyň sentýabr aýynda «Soýuz MS-24» kosmos gämisinde Halkara kosmos stansiýasyna ugrajak rus kosmonawtlary Oleg Kononenko we Nikolaý Çub bir ýyly şol ýerde geçirer, bu bolsa Kononenkonyň taryhda 1000 günden gowrak wagty orbitada geçiren ilkinji adam bolmagyna mümkinçilik berer. Bu barada žurnalistlere «Roskosmosyň» metbugat gullugynda aýtdylar.

"70-nji we 71-nji uzak möhletli ekspedisiýalaryň esasy toparyna "Roskosmosyň" kosmonawtlary Oleg Kononenko we Nikolaý Çub, şeýle hem NASA-nyň astronawty Loral O'Hara girýär. Olar 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda “Soýuz MS-24” kosmos gämisinde HKS-a ugrarlar"  diýip, habarda aýdylýar.

Makullanan meýilnama laýyklykda, O'Haranyň 2024-nji ýylyň martynda "Soýuz MS-24" kosmiki gämisinde Ýere gaýdyp geljekdigi, Kononenko bilen Çubuň bolsa 2024-nji ýylyň sentýabryna çenli stansiýada galyp, “Soýuz MS-25” kosmos gämisinde yzyna gaýdyp geljekdikleri bellendi.

“Roskosmos”: "Şeýlelik bilen, Kononenko we Çub HKS-da bir ýyllap uçuş etmeli bolarlar" - diýdi.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......