Türkmenistanda Pemberton usuly arkaly ilkinji ortopedik operasiýa geçirildi

  • 12.07.2023 20:50
  • 15k+

Aşgabat şäherindäki Enãniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde Pemberton usuly bilen Türkmenistanda ilkinji ortopediki operasiýa edildi. Üstünlikli geçen operasiýa Lebap welaŷatynyň 5 ýaşly ýaşaýjysyna edildi. Bu baradaky «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Geçen ýylyň maý aýynda Dritter Orden klinikasynyň nemes lukmany, professor Winsent Frimberger merkeziň türkmen hünärmenleri bilen Pembertonyň ýanjyk bognuň çylşyrymly kesellerini bejermegiň hirurgiki usulyny paýlaşdy. Mundan başga-da, nemes lukmanlary bilen tejribe alşyldy we türkmen kärdeşleriniň tejribesine innowasiýa usulyny üstünlikli girizdiler.
Ŷaş hassanyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara kömek bermek üçin haýyr-sahawat gaznasynyň gözegçiligindedigini bellemelidiris. Gazna paýtagtyň merkezine operasiýa üçin zerur bolan hirurgiki gurallaryň toplumyny sowgat etdi.
Şol günler Halkara Kardiologiýa Merkeziniň hirurglary muskul we merkezi nerw ulgamlarynyň dogabitdi keselleri bolan çagalar üçin 10 ýürek operasiýasyny, neýrohirurgiýa, ortopediki operasiýalaryny etdi. Iň ýaş hassa Lebap welaýatynyň Gazojak şäherinden 3 aýlyk Aýmelek Maksadowa boldy.
Çagalaryň operasiýadan soňky ýagdaýy durnukly. Bularyň hemmesi 2021-nji ýyldan bäri 140-dan gowrak lukmançylyk operasiýasy geçirilen gaznanyň howandarlygynda we 50 çaga bolsa, zerur dermanlary mugt satyn alnyp berilmek bilen, lukmançylyk barlaglary geçirildi.


09.06.2026 23:14
6.3k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....