Türkmenistanda ýene 10 çaga Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna operasiýa geçirildi

  • 12.07.2023 20:53
  • 38k+

Şu günlerde Türkmenistanda dogabitdi ýürek keseli, myşsa-skelet ulgamynyň keselleri we merkezi nerw ulgamynyň dogabitdi keselleri bolan çagalarda 10 sany kardiohirurgiki, ortopediki, neýrohirurgiýa operasiýalary geçirildi. Bu barada "Нейтральный Туркменистан" gazetinde habar berildi.

Şeýlelik bilen, Saglyk merkezleri müdirýetiniň Halkara Kardiologiýa Merkezinde dogabitdi ýürek keseli bolan çagalara emeli gan aýlanyşygy şertlerinde operasiýa geçirildi: 

  • Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, 2 ýaşly Hangeldy Allanazarowa;
  • Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň ýaşaýjysy, 13 ýaşly Merdan Kutlymyradowa;
  • Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, 6 ýaşly  Nuraly Gurbanowa;
  • Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň ýaşaýjysy, 9 ýaşly Melek Meredowa;
  • Daşoguz etrabynyň Könürgenç etrabynyň ýaşaýjysy, 13 ýaşly Şir Atajanowa.

Şeýle hem Halkara Kardiologiýa Merkezinde Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň ýaşaýjysy, dogabitdi ýürek keseli bolan 11 ýaşly Yhlas Bäşimowa endowaskulýar ýürek operasiýasy üstünlikli geçirildi.

Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy- kliniki merkezinde:

  • Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy, 5,5 ýaşyndaky Atajan Şöhradowa Pemberton usuly bilen ortopediki operasiýa edildi;
  • Süňk-skelet ulgamynyň keseli bilen kesellän, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, 4 ýaşly Aýşa Akmyradowa ahilloplastika boýunça operasiýa üstünlikli edildi;
  • Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň ýaşaýjysy, dyz bogunlarynyň ikitaraplaýyn adaty çykygy kesel kesgidi goýlan, 14 ýaşly Ogultuwak Kakalyýewa bogunlaryň artroplastikasy boýunça üstünlikli operasiýa edildi.
  • Merkezi nerw ulgamynyň dogabitdi keselinden ejir çekýän, Lebap welaýatynyň Gazojak şäheriniň ýaşaýjysy, 3 aýlyk Aýmelek Maksadowa neýrohirurgiki operasiýasy geçirildi.

Operasiýadan soňky bejergini alan çagalaryň ählisiniň ýagdaýy kanagatlanarly, ýaşaýan ýerinde maşgala lukmanlarynyň gözegçiliginde we meýilleşdirilen tapgyrlaýyn saglygy dikeldiş işleri geçirilýär.
Ýurduň iň gowy klinikalarynda hirurgiki bejergi alan çagalaryň hemmesi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara kömek bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygyndadyr.
Gaznanyň alyp barýan işleri netijesinde ýurduň etrap hassahanalarynyň ähli çagalar bölümleri sowgat hökmünde tiz kömek ulaglaryny aldy. Gyssagly lukmançylyk kömegini bermek üçin döredilen täze dikuçarlar hem satyn alyndy. Mary Welaýat çagalar hassahanasyna Sawina öýkene emeli dem beriş enjamy sowgat berildi.
Häzirki wagta çenli Gaznanyň maliýe çeşmeleriniň hasabyna dürli çylşyrymlykdaky 140-dan gowrak lukmançylyk operasiýalary geçirildi, 50-den gowrak çaga lukmançylyk barlaglaryndan geçdi we olar üçin dürli lukmançylyk enjamlary satyn alyndy.


09.04.2026 20:12
8k+

Welomenziller Aşgabat we Arkadag şäherlerinden başlap, ähli welaýatlara uzady

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler we beýleki sport çäreleri diňe bir Aşgabatda däl, eýsem Arkadag şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda geçirildi....

09.04.2026 14:53
2.6k+

Türkiýe düwnük keseline garşy dermanyň ilkinji synaglaryny üstünlikli tamamlady

Türkiýäniň saglygy saklaýyş ministri Kemal Memişoglynyň habar bermegine görä, ýurduň özünde taýýarlanan rak keseline garşy ilkinji derman kliniki synaglaryň birinji tapgyrynda örän gowy netijeleri görkezdi....

08.04.2026 07:19
7.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Döwlet Baştutany......

04.04.2026 15:19
7.1k+

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin ylgaw ýaryşy geçiriler

11-nji aprelde Aşgabatda Ýewropa gününe bagyşlanyp, dürli aralyklara köpçülikleýin inklýuziw ylgaw ýaryşy geçiriler....