Serdar Berdimuhamedow TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretaryny guramanyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlady

  • 12.07.2023 18:05
  • 5.5k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewe bu guramanyň esaslandyrylmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

 “Geçen döwrüň içinde Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-nyň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Biziň hyzmatdaşlygymyz umumy taryhy, ruhy we medeni gymmatlyklary bolan türki halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, oňyn hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň maksatlaryna laýyk gelýär. Türkmenistan geljekde-de TÜRKSOÝ bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirer” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň hatynda bellenilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Sultan Raýewe we Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Sekretariatynyň işgärlerine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.


şu gün 07:51
297

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.2k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
867

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......