Iýun aýynda Hytaýda awtoulag satuwy 2,6% azaldy

  • 11.07.2023 12:06
  • 28k+

Iýun aýynda Hytaýda ýeňil awtoulaglarynyň bölekleýin satuwy, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 2,6% azaldy we 1,89 million awtoulag boldy. Bu barada Hytaýyň ýolagçy awtoulag birleşiginiň (CPCA) hasabatynda aýdylýar.

Şonuň bilen bir wagtda, maý bilen deňeşdirilende, satuw 8,7% ýokarlandy. MarketWatch-yň bellemegine görä, aýlyk ösüş 2001-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Hytaýyň awtoulag bazarynyň, koronawirus pandemiýasy bilen bagly peselmeden soň, dikelmeginiň fonunda hasaba alyndy.
Tutuş ýylyň birinji ýarymynda awtoulag satuwy 2,5% artyp, 9,65 million birlige ýetdi.
Täze energiýa çeşmeli ulaglaryň (NEV) bölek satuwy iýun aýynda, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 25,2% ýokarlanyp, 665 000 birlige ýetdi.
Tesla geçen aý Şanhaýdaky zawodyndan 93,680 awtoulag iberdi.


24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....