Werstappen Formula-1-de Beýik Britaniýanyň Gran-Prisinde ýeňiji boldy

  • 10.07.2023 06:37
  • 5.6k+

Red Bull-yň niderlandly sürüji Maks Werstappen Formula-1 klasynda awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň onunjy tapgyry bolan Beýik Britaniýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy.

Ikinji orny McLaren-den Lando Norris, üçünji orny bolsa Mercedes-den Lýuis Hemilton eýeledi.
Ýaryşda iň tiz aýlaw hem Werstappene degişli boldy.
Badalgadan soň, finişe 20 ulagyň diňe 17-si ýetdi. Kewin Magnussen (Haas), Pýer Gasli we Esteban Okon(ikisi hem - Alpine) ýaryşdan wagtyndan öň çykdylar.
Werstappen yzly-yzyna altyn ýaryşynda ýeňiş gazandy.
Indiki tapgyr — Wengriýanyň Gran-prisi 21-23-nji iýulda geçiriler.


23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

29.04.2026 14:40
1.8k+

London marafony – 2026 taryhda iň köpçülikleýin marafon boldy: tas 60 müň adam gatnaşdy

2026-njy ýylyň TCS London marafony pellehana ýeten gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýup, dünýäde iň köpçülikleýin marafon adyny resmi taýdan gaýtaryp aldy....