Ýapon awiakompaniýasy ýolagçylara goşsuz uçmaklary üçin egin-eşikleri kärendä berip başlady

  • 09.07.2023 14:41
  • 16k+

Ýaponiýanyň Japan Airlines awiagatnadyjysy Sumitomo Corporation bilen bilelikde ýolagçylara syýahat üçin ýanyň bilen diňe şahsy gigiýena esbaplaryny alyp, esasy garderoby ýerinde kärendesine almak teklibi bilen ýüzlendi. Bu barada Sumitomo Corporation-yň saýtynda habar berilýär diýip, rbclife.ru belleýär.

Bir ýyllyk tejribäniň çäklerinde Ýaponiýa gelýän syýahatçylara syýahat wagty egin-eşikleri ýük edip göterip ýörmezlik üçin kärendesine almak teklip edilýär. Kärende möhleti iki hepde bilen çäklendirilen we syýahatçylar özleri üçin zerur zatlary laýyk ölçegde bir aý öňünden bron edip bilerler. Awiakompaniýanyň bu teklibi eýýäm 2023-nji ýylyň 5-nji iýulyndan 2024-nji ýylyň 31-nji awgusty aralygyndaky uçuşlar üçin hereket edip başlady.
Zerur garderob predmetleriniň ölçegini, stilini we reňkini-de saýlap bolýar. Şeýlelik bilen, syýahatçylar çemodanlary daşamak üçin tölegleri tygşytlap, goş götermezden we egin-eşikleri ýuwmaga wagt sarp etmezden, täze täsirler üçin güýçlerini aýap bilerler diýlip, täze Any Wear, Anywhere hyzmatynyň saýtynda aýdylýar. Bellenilişi ýaly, kärende üçin egin-eşikler dükanlardaky galyndylardan ýa-da sekond-hendlerden alnar, zatlar arassalanyp, syýahatçynyň boljak ýaşaýyş jaýyna getiriler, syýahatçy gidenden soň yzyna alnyp, gaýtadan işlemäge berler.
Tejribäniň dowamynda hyzmatyň gereklidigi, şeýle-de onuň ýolagçylaryň goşlaryny azaltmaga näderejede kömek edendigi barada maglumatlar ýygnalar. Ýaponiýada kowid çäklendirmeleri ýatyrylandan soň, ýurtda syýahatçylyk işjeňleşip başlady. Ýaponiýanyň Milli syýahatçylyk guramasynyň maglumatlaryna görä, maý aýynda ýurda tas 1,9 mln adam bardy, bu bir ýyl ozalky degişli aý bilen deňeşdirilende 1200% köpdür.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......