Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde Haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň birinji mejlisini geçirdi

  • 09.07.2023 00:55
  • 34k+

8-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň birinji mejlisini geçirdi.

Birinji mejlise  Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow, Gaznanyň hasapçysy Ý.Çernowa, Gaznanyň prezidentiniň kömekçisi Ý.Orazow, Gaznanyň Iş dolandyryjysy K.Babaýew, onuň hukukçysy M.Hojamberdiýewa, şeýle hem Gaznanyň media-habarlar wekili A.Jepbarow, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory  M.Öküzowa hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň geçen döwürde alyp baran işleri, şeýle hem Gaznanyň öz işine başlamagy, onuň işiniň guralyşy hem-de işleriň alnyp barylyşy hakyndaky  we beýleki meseleler girizildi.


şu gün 07:42
882

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......