Türk kompaniýalary Türkmenistanda 50,9 milliard dollarlyk gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirdiler

  • 08.07.2023 18:13
  • 27k+

Türkiýeden gelen kompaniýalar Türkmenistanda işlän döwründe bu ýurtda jemi 50,9 milliard dollarlyk gurluşyk taslamalaryny amala aşyrdy. Bu barada hurriyetdailynews.com Türkiýäniň Söwda ministrligine salgylanyp habar berýär. Muny ORIENT ýetirýär.

Geçen ýyl agzalan çeşme Türkmenistanda türk kompaniýalary tarapyndan durmuşa geçirilýän gurluşyk taslamalarynyň 49,9 milliard dollarlyk bolandygyny çaklapdy. Ýagny bir ýyla golaý wagtyň içinde türk gurluşyk kompaniýalary Türkmenistanda 1 milliard dollarlyk işleri tamamlapdyr.
Umuman alanyňda, 2023-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda türk potratçylary daşary ýurtda 7,5 milliard dollarlyk 110 taslama aldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 63% köpdür.
Türkiýe Türkmenistanyň gurluşyk pudagyndaky esasy hyzmatdaşlaryndan biri bolup, ýurtda ulag, energiýa, saglygy goraýyş, bilim we ş.m. ýaly dürli ugurlarda köp sanly taslamanyň durmuşa geçirilmegine goşant goşýar.
Şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türk kompaniýalaryny Arkadag şäherinde Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň ýanyndaky çagalar iýmitiniň, şeýle-de derman serişdeleriniň önümçilik toplumynyň gurluşygyna gatnaşmaga çagyrdy.


düýn 20:46
1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......