Arkadag şäherine telefon kody berildi

  • 08.07.2023 12:06
  • 41k+

Arkadag şäherine telefon kody berildi. Ol — +993 12 ýa-da 8 00 12. Bu kod Aşgabat şäheriniň kody bilen birmeňzeşdir.

Arkadag şäheriniň ýaşaýyş jaýlaryna hem telefon belgileri berildi. Ýaşaýjylar üçin telefon belgileri +993 12 58...-dan, döwlet edaralary we beýleki edaralar üçin bolsa +993 12 57...-den başlanýar.
Öň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň we Içeri işler ministrliginiň Arkadag şäherinde «123» belgili ulgamy işe girizendigini habar beripdik.

123 belgili bu ulgam müşderileriň telefon arkaly ýüz tutmalaryny kabul edip, gaýtadan işläp, degişlilikde gaz howpsuzlygy, ýangyn howpsuzlygy we tiz kömek merkezlerine maglumat berýär we bu ugurda zerur işleriň geçirilmegini guraýar. Şeýlelikde döräp biläýjek heläkçiligiň öňi alynýar.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.6k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.5k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......