Hindistan 14-nji iýulda Aýa üçünji ekspedisiýasyny uçurar

  • 08.07.2023 11:12
  • 4.4k+

Hindistan 14-nji iýulda özüniň üçünji “Çandraýan-3” milli awtomatiki ekspedisiýasyny Aýa ugradar. Uçurylyş senesi penşenbe güni Hindi kosmos gözleg guramasy (ISRO) tarapyndan yglan edildi.

ISRO-nyň Twitterdäki habarynda: "Çandraýan-3-iň uçurylýandygyny habar berýäris: ony 2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda Hindistan wagty bilen sagat 14:35-de (Aşgabat wagty bilen 14:05-de) Sriharikota adasyndaky uçuş meýdançasyndan uçurmak meýilleşdirilýär" -diýilýär.

Iýun aýynyň ortalarynda hindi kosmos gullugynyň başlygy Şridhara Paniker Somnath “Çandraýan-3” -iň uçurylmagyna soňky taýýarlyk barada hasabat berdi. Onuň sözlerine görä, kosmos gämisi iň agyr LVM3 hindi raketa-göterijisi bilen Ýer togalagynyň orbitasyna çykarylar.
Ilkinji “Çandraýan-1” hindi Aý awtomatiki stansiýasy 2008-nji ýylyň noýabr aýynda işe girizilipdi. Enjam bir ýyla golaý - 2009-njy ýylyň awgustyna çenli işledi. Ikinji “Çandraýan-2” Aý missiýasy 2019-njy ýylyň 22-nji iýulynda Aýa iberildi - bu enjamyň diňe orbita çykarylmagyny däl, eýsem Ýeriň emeli hemrasynyň ýüzüne uly bolmadyk “Pragýan” Aý rowerini eltmeli “Wikram” goýberiş modulynyň ýumşak gonmagyny üpjün etdi. Şeýle-de bolsa, şol ýylyň 7-nji sentýabrynda “Wikram” Aýyň üstünden 2,1 km belentlikdekä onuň bilen aragatnaşyk ýitdi, gonduryş moduly Aýyň üstüne urlup, heläkçilige uçrady. Şonda-da, “Çandrayan-2” orbital stansiýasy Aýyň orbitasynda işlemegini dowam etdirýär.
Hindi "Çandraýan-3" missiýasy Aý rowerini Aý orbitasyna ibermegi göz öňünde tutýar, onda Aýyň üstüniň himiki we mineral düzümini öwrenmek, şeýle-de  topragyndaky dürli elementleriň konsentrasiýasyna baha bermek üçin enjamlar ýerleşdiriler.


16.09.2025 19:57
6.5k+

Hindi inženerleri uçarlar üçin “howa ýassyklaryny” oýlap tapdy

Hindi inženerleri uçarlar üçin täze howpsuzlyk ulgamyny döretdi – olar uçaryň fýuzelýažyny heläkçilik wagtynda açylyp, aşak gaçyşy ýumşatjak ägirt ýassyklar bilen örtmegi teklip edýär. Bu pikir şu ýylyň iýunynda Air India kompaniýasynyň uçary heläkçilige uçrandan soň peýda boldy...

31.07.2025 13:44
4.3k+

Hindistan adamdan öňürti kosmosa adam şekilli roboty iberer

Hindistanyň kosmos gözlegleri guramasy (ISRO) 2025-nji ýylyň dekabrynda orbita gumanoid robot bilen kosmos gämisini ibermegi meýilleşdirýär. Bu barada guramanyň başlygy Wanniýaperumal Naraýananyň sözlerine salgylanyp, Odisha Bytes habar berýär...

26.07.2025 11:59
2.9k+

NASA we Hindistan Ýere syn ediş hemralaryndan iň gymmatlarynyň birini uçurmaga taýynlanýar

30-njy iýulda ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň barlaglary dolandyryş gullugy (NASA) we Hindi kosmos barlaglary guramasy (ISRO) tarapyndan işlenip düzülen NISAR Ýere gözegçilik hemrasyny (NASA-ISRO Synthetic Aperture Radar) uçurmak meýilleşdirilýär...

27.06.2025 18:11
5.7k+

Halkara kosmos stansiýasyna ilkinji gezek Hindistandan, Polşadan we Wengriýadan astronawtlar bardy

26-njy iýunda SpaceX kompaniýasynyň Crew Dragon kosmos gämisi Halkara kosmos stansiýasyna üstünlikli birikdi. Uçuş Axiom Space amerikan kompaniýasynyň Ax-4 («Aksiom-4») hususy missiýasynyň çäklerinde amala aşyryldy...