BSGG: soňky dört hepdede dünýäde COVID-19-dan aradan çykanlaryň sany 59% azaldy

  • 07.07.2023 17:43
  • 7.6k+

2023-nji ýylyň 5-nji iýunyndan 2-nji iýuly aralygynda dünýäde 885 müňden gowrak adam koronawirus ýokanjy bilen keselledi, 4,9 müňden gowrak adam bu keselden aradan çykdy. Bu kesel zerarly aradan çykmak ýagýaýlarynyň sany ondan öňki 28 gün bilen deňeşdirilende 59%, kesellänleriň sany 48% azaldy diýip, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy penşenbe güni habar berdi.

BSGG-niň maglumat beriş beýanyna laýyklykda, dünýäde dört hepdede 885 müň 478 keselleme ýagdaýy we 4 müň 912 sany aradan çykma ýagdaýy hasaba alyndy. Kesellänleriň aglaba bölegi Koreýa Respublikasynda hasaba alyndy — 383 767. Ondan soňra Awstraliýa (85 167), Braziliýa (70 163), Singapur (32 562) we Russiýa (30 049) ýerleşýär. Aradan çykanlaryň aglabasy Braziliýada hasaba alyndy — 1 057. Ondan soň Russiýa (506), Italiýa (317), Peru (250) we Awstraliýa (241).
Belläp geçsek, 2020-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda 2023-nji ýylyň 5-nji maýyna çenli aralykda dünýäniň saglygy goraýyş ulgamynda kowid bilen bagly adatdan daşary ýagdaý düzgüni hereket edipdi.


düýn 23:14
5.1k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....