Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň topary «Ýüpek ýoly» awtorallisine gatnaşýar

  • 07.07.2023 16:03
  • 26k+

Penşenbe güni Kazan Kremliniň diwarlarynyň golaýyndaky Müňýyllyk meýdançasynda «Ýüpek ýoly 2023» halkara rallisine badalga bermek dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň topary hem 13-nji gezek geçirilýän «Ýüpek ýoly» halkara awtorallisine gatnaşýar.

Kazan şäherinde badalga alan awtorallä Merdan we Şöhrat Toýlyýewler, Maksatmyrat Daňatarow, Didar Orazmedow, Begenç Annaýew, Muhammetmyrat Gurbanow “Nissan Patrol” awtoulagynda, Süleýman Annamämmedow, Parahat Garlyýew “Toyota LC 200” awtoulagynda ýurdumyza wekilçilik edýärler.
Kazandan badalga alyp, Moskwa şäherinde tamamlanjak, Russiýanyň 13 sebidiniň çäginden geçýän awtorallä dünýäniň 23 ýurdundan 98 ekipaž gatnaşýar.
Awtoralliniň iň ýokary “Ak gaplaň” baýragyny almak ugrunda bäsdeşler jemi 5 müň 241 kilometr ýol geçerler. Şonuň 2 müň 277 kilometri ýokary tizlikde geçiler. “Ýüpek ýoly” halkara awtorallisi sebitde iň iri awto sport ýaryşlarynyň biridir.


21.04.2026 20:58
5.5k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.7k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....

03.04.2026 19:30
3.9k+

Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň täze möwsümine badalga berilýär

2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň täze möwsümi resmi taýdan başlanýar. Nobatdaky çempionatda sekiz topar — «Arkadag», «Ahal», «Altyn Asyr», «Şagadam», «Nebitçi»,......